DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMAGY

Ýur­du­myz­da şan­ly Ga­raş­syz­lyk baý­ra­mymy­zyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hal­kyň kö­ňül gü­ze­rin­den sy­zy­lyp çyk­ýan be­lent mak­sat­lar, öň­de go­ýul­ýan ýe­til­me­li sep­git­ler biz — ýaş­la­ry has-da ti­je­nip iş­le­mä­ge borç­ly ed­ýär. Ge­çen ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­sin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz söz­län ta­ry­hy sö­zün­de hem ýaş­la­ra uly ynam bil­dir­di. Ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da bi­tir­ýän iş­le­ri bi­möç­ber­dir. Se­bä­bi ýurt Ga­raş­syz­ly­gy her bir yn­sa­nyň wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny ös­dür­ýän mu­kad­des dü­şün­je­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş­la­ryň öňün­de el­my­da­ma uly we­zi­pe­le­riň durýandygyny aýdyp, olaryň, ilkinji nobatda, jemgyýetimize oňyn, özboluşly täzelikleri ornaşdyrmalydygyny nygtaýar. Şeýle uly maksada ýetmek üçin welaýatymyzyň ýaşlary uly joşgun, belent ruh, irginsizlik bilen zähmet çekýärler. Jemgyýetimizde bolup geçýän her bir özgerişe, ösüşe kämil aň, giň dünýägaraýyş bilen çemeleşip, il bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegine önjeýli goşant goşýarlar. Ýaşlar bilen yzygiderli geçirilýän döwlet derejesindäki çäreler bizi has-da buýsandyrýar. Mekdep okuwçylarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders, taslama bäsleşiklerine we halkara internet olimpiadalaryna welaýatymyzyň ýaşlary gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Döwletimizde ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagy üçin tagallalar edilýär. Şu babatda ýaşlarymyzyň sport üstünliklerini şol beýik işleriň miwesi hökmünde mysal getirmek bolar. Welaýatymyzyň etraplarynda we Türkmenabat şäherinde gurlup, ulanmaga berlen sport mekdepleri elmydama ýaşlaryň iň bir gelim-gidimli ýeri hasaplanýar. Welaýat merkezimizdäki 4-nji sport mekdebinde taýýarlanýan türgen ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri, ylaýta-da, milli göreşdir dzýudo boýunça halkara ýaryşlarynda altyndyr kümüş medallara eýe bolýarlar.

«Ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2015 — 2020-nji ýyl­lar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmakda hem welaýatymyzyň ýaşlary my­na­syp zäh­met çek­ýär­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan her bir tutumly işinde ýaşlaryň yhlasy öz miwesini berýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da hem we­la­ýa­ty­my­zyň ýaş­la­rynyň birnäçesiniň bolmagy başymyzy göge ýetirýär.

Biz — ýaş­la­ryň ylymly-bilimli, giň göz­ýe­tim­li, sag­dyn we bag­tyýar adamlar bolup ýetişmegimizde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gaýgysyz BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

22.09.2020ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI