HALK DEMOKRATIÝASYNYŇ ROWAÇLYGY

Düýn ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýokary derejede geçirildi.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hereket edýän demokra­tik gat­na­şyk­lar tä­ze rö­wüş­de hil taý­dan ýo­ka­ry de­reje­le­re çyk­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ýaşu­lu­la­ry­nyň 2017-nji ýy­lyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen maslahatynda ra­ýat­la­ry­myz­dan ge­lip gow­şan tek­lip­ler göz öňün­de tu­tu­lyp, bu mas­la­ha­tyň hu­kuk ýag­da­ýy üýtge­dil­di we alyp bar­ýan işi kä­milleş­di­ri­lip, ol Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahaty diýip atlandyryldy. Munuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ne hal­ky­myzyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin onuň dü­zü­mi­ni gi­ňelt­me­giň maksadalaýyk boljakdygy barada eden çy­ky­şy uly gol­daw tap­dy. Şeý­lelik­de, öň­ki he­re­ket ed­ýän et­rap, şä­her, we­la­ýat halk mas­la­hat­la­rynda Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­laha­ty­nyň ýer­li eda­ra­la­ry dö­re­dil­di. Ola­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin äh­li şert­ler göz öňün­de tu­tul­dy we bu we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­titusion kanuny kabul edildi.

«Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­laha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da yg­ty­ýar­ly jem­gy­ýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnak­la­ry­ny ge­çi­rip, iň wa­jyp sy­ýasy, yk­dy­sa­dy, dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge, ýag­ny umu­my yk­rar edilen de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­rip, ila­tyň giň gat­lak­la­ry­nyň mö­hüm jemgyýetçilik-syýasy çöz­güt­le­ri­niň kabul edilmegine halk häkimiýeti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­synyň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek esasy maksat hökmünde bellenen. Şeý­le mak­sat­la­ryň sy­ýa­sy köp­dürlü­li­giň gol­da­nyl­ýan ýur­du­myz­da örän wajyp ähmiýeti bardyr. Çünki mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da ra­ýat­laryň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ýan ga­ra­ýyş­lar we pi­kir­ler or­ta aty­lyp, bi­te­wü­likde, jem­gy­ýe­ti he­re­ket­len­di­ri­ji güý­je öwürýärler. Bu maslahata edara-gu­ra­ma­lar­dan gat­naş­ýan we­kil­le­ri öz­le­ri­niň ga­ra­ýyş­la­ry­ny öňe sürmek bi­len, iler­le­ýän bäh­bit­le­ri­ne ýet­mek üçin ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» pä­hi­min­den ugur alyp, bi­lelik­de mas­la­hat­laş­mak esa­syn­da bir netijä gelýärler.

Ta­ryh­dan bel­li bol­şy ýa­ly, mundan müň­ler­çe ýyl ozal Oguz han atamyz türkmen halkyny bir ojagyň ba­şy­na jem­läp, be­ýik döw­leti do­lan­dyr­ma­gyň düz­gün­le­ri­ni sa­la sa­lyp çö­züp­dir. Gor­kut ata za­manynda türkmen begleri islendik me­se­lä­ni ag­zy­bir­lik­de ge­ňe­şip­dirler. Togrul begdir Çagry beg Beýik Seljuk döwletini döredenlerinde Mä­ne ba­ba ýa­ly pir­le­ri, ol döw­lete da­hyl­ly bo­lan uly-kiçi, il-ulsy ça­gy­ryp, mas­la­hat edip, gel­jek­ki döw­le­tiň bin­ýa­dy­ny gu­rup­dyr­lar. Bu günki gün hem Magtymguly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan ýur­dun­da bir sup­ra­nyň ba­şy­na jem bo­lup, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyl syýasatyna jany-teni bilen uýýan türk­men hal­ky Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tyn­da il-ýurt, döwlet äh­mi­ýet­li me­se­le­le­ri ge­ňeş­ýär. Hal­ky­myz bag­ty­ýar­lyk nu­ru­na çaýylan ruhubelentligi bilen kalbyn­da be­ýik yna­my, eg­sil­mez ruhy güý­ji bes­läp, gel­je­giň bin­ýa­dyny berkden tutýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hil taý­dan tä­ze, iki pa­la­ta­ly ul­ga­ma geç­me­gi we Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenista­nyň Mej­li­si­ni we­kil­çi­lik­li ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­tiň we­zi­pe­le­ri­ni ama­la aşyr­ýan eda­ra­lar ul­ga­my­na goş­ma­gy tek­lip et­di. Şeý­le­lik­de, bu tek­li­be la­ýyk­lyk­da, Esa­sy Ka­nu­nymy­za üýt­get­me­le­ri we goş­ma­çala­ry gi­riz­mek ar­ka­ly, Türk­me­nista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hu­kuk ýag­da­ýy­ny üýt­get­mek, Türk­menis­ta­nyň Mej­li­si­niň yg­ty­ýar­ly­gy­na gaý­ta­dan se­ret­mek, ka­nun çy­ka­ryjy hä­ki­mi­ýe­ti ama­la aşyr­ýan we­kilçilikli döwlet häkimiýet edarasyny iki palataly edara öwürmek göz öňün­de tu­tul­dy. Iki pa­la­ta­ly ul­gam ba­ra­da­ky baş­lan­gyç syýasy-hukuk öz­gert­me­le­riň tä­ze tap­gy­ry­ny alamatlandyrýar. Bu özgertmeleriň äh­mi­ýe­ti­ni halk köp­çü­li­gi­ne gi­ňiş­le­ýin, düýp­li, äh­lita­rap­la­ýyn dü­şün­dir­mek il­kin­ji we­zi­pele­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Halk Mas­la­ha­ty­nyň hu­kuk de­re­jesi­niň, onuň we­zi­pe­le­ri­niň we borç­la­ry­nyň hem­me­ler üçin aýdyň bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, Esa­sy Ka­nu­ny­my­za üýt­get­me­le­ri hemde goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bo­ýunça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak şu gü­nüň der­wa­ýys we­zi­pe­le­ri bo­lup öňe çyk­ýar. Şeý­le­lik­de, dür­li kärler­de zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ry­myz, ga­ly­ber­se-de, bag­ty­ýar ýaş­lar Esasy Ka­nu­ny­my­za üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça öz pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ry­ny we tek­lip­le­ri­ni beýan etdiler.

Hal­ky­my­zyň aba­dan we bagty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len il bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li çözgüt­ler ro­waç al­syn. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bolsun!

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

26.09.2020ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1162 okalan

ENE HÜWDÜSI

25 Noýabr 2024 | 112 okalan

ÖZ-ÖZI DOLANDYRYLÝAN AWTOBUSLARYŇ ŞÄHERI