10-njy OKTÝABR — TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
Döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Ulgamyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hem-de hyzmatlarynyň ýokary hilli üpjün edilmegi, hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokary bolmagy, maddy-üpjünçilik binýadynyň täze tehnikalar bilen kämilleşdirilmegi we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlary bilen bilelikdäki işleriň möçberiniň artmagy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar.
Raýatlaryň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary, öňüni alyş çäreleri guralýar, azyk howpsuzlygyny ýola goýmak ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, ilatyň fiziki işjeňligini artdyrmak maksady bilen olimpiýa hereketi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyz halkara guramalaryň birnäçe güwänamalaryna we sertifikatlaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, özara işjeň we netijeli maksatnamalaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Üstümizdäki 2020-nji ýylda Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny uludan baýram edýän ýylymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine hem 25 ýyl doldy. Bu giň gerimli maksatnama çärýek asyr bäri halkymyzyň saglygyny berkitmekde, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirmekde, milli lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmakda, ýurdumyzyň bu ulgamda täze üstünlikleri gazanmagyny üpjün etmekde esasy ugry kesgitledi. Şu gün, ýagny 10-njy oktýabrda bolsa ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly ruhubelentlige beslenip bellenilýär. Bu baýramçylygyň döredilmegi beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge, ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramakda yzygiderli zähmet çekýän, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagy özlerine belent borç edinýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine hormatly Prezidentimiziň hem-de halkymyzyň goýýan belent sarpasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna uly ähmiýet bermek bilen, onuň maliýe taýdan doly üpjün edilmeginiň möhümdigini bellemegi hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň işlerinde pandemiýa garşy göreşi güýçlendirmeklerini, olaryň bu ugurda täsirli işi ýola goýmaklaryny has-da höweslendirmegi göz öňüne tutmak arkaly olara ýeňillikleri bermek bilen bagly «Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakyndaky» Karara gol çekmegi ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini we bu ulgamyň esasy üns merkezinde durýandygyny doly äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde hassahanalary, dynç alyş zolaklaryny, şypahanalary döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman saglyk, syýahatçylyk hem-de dynç alyş infrastrukturasy peýda bolýar. Täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredildi. «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz» şypahanalary, Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş merkezleri, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän dynç alyş zolagynyň döredilmegi hem saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleriň käbirleridir. Alnyp barylýan işleriň hatarynda döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka hyzmat etmegi babatdaky döredilýän mümkinçilikler hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Döwrebap lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilen bu saglygy goraýyş edaralary keselleri anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini amala aşyrmakda, amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň saglygyna howp salyp biläýjek wehimlere garşy göreşmek üçin ygtybarly binýat döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyza täze ýiti ýokanç keseliň, häzir dünýä ýüzünde giňden ýaýran koronawirus ýokanjynyň aralaşmagyna garşy durmak üçin mäkäm esas goýuldy. Ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen bagly ýekeje ýagdaý hem hasaba alynmady. Türkmenistan BMG, BSGG we beýleki halkara guramalar bilen geçiren duşuşyklarynyň netijesinde ýurdumyzyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny artdyrmak we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmek babatda netijeli işleri alyp barýar. 7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikde iki döwletiň saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlaryndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirmekdäki mümkinçilikleriň bellenmegi, şeýle hem ýurdumyzda russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany döretmek boýunça soňky döwürde gazanýan netijelerine uly baha berilýändiginiň hem-de Russiýa bilen bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ynam bildirilýändiginiň nygtalmagy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini subut edýär.
Umuman, eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bu günki gün baş wezipe hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işleriň sakasynda bolsa hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladalary durandyr.
Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby,
“Nesil” gazeti,
10.10.2020ý.