HALK MASLAHATY: il bähbitli taryhy özgertmeler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda pederlerimiziň asylly dessurlaryna, milli jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerine we gadymy halk häkimiýetlilik däplerine eýerilip, tutumly işiň başyna barlanda, geňeş edilýär. Hawa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ilki bilen nygtamaly zat, umumymilli forumyň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi. Hususan-da, onuň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi forumyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy. Çünki, ýatlap geçsek, geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi hem-de Esasy Kanuny kämilleşdirmek boýunça başlangyç öňe sürüldi. Bu taryhy özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlis ýaly ýokary wekilçilikli guramalaryň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bilşimiz ýaly, bu wekilçilikli guramalar jemgyýetimiziň we döwletimiziň ýokary gymmatlygy bolan adamlara hem-de olaryň bähbitlerine gulluk edýär. Hut şonuň üçin-de, halk bilen häkimiýetiň gatnaşygyny has kämilleşdirmek, jebisleşdirmek, asudalygy, parahatçylygy berkitmek, raýatlarymyzyň hukuk goraglylygyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde kanun çykaryjy guramanyň iki palataly düzümini döretmek, demokratik edaralaryň işini täze derejä çykarmak başlangyçlary öňe sürüldi.

Şeýlelikde, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmak maksady bilen geçirilýän özgertmelere ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlaryny çekmek, olaryň pikirini öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi. Toparyň jemi dört mejlisi geçirilip, olaryň wagt dowamlylygynda Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek baradaky mesele bütin halkymyz tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň üçin ähli zerur işler geçirildi, ýurdumyzyň raýatlaryna Konstitusiýamyzy täzelemek bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça öz tekliplerini bermäge giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň bilen baglylykda, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, bu ulgamda dünýä tejribesine we milli döwletlilik ýörelgämize laýyklykda taýýarlanylan Konstitusion kanunyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisiniň garamagyna hödürlenildi hem-de biragyzdan kabul edildi. Netijede, bütin halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolan bu taryhy waka türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda beýik maksatlara ýetmegiň ýolunda öňe ynamly barýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Çünki hormatly Prezidentimiziň hut özüniň nygtaýşy ýaly, «Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar diýip hasaplaýarys».

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalaryna, Milli Parlamentimiziň deputatlaryna, jemgyýetçilik birleşikleriniň we häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wekillerine kabul edilen Konstitusion kanundan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, biz hem Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, ýörite meýilnama esasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýerleşýän dürli edara-kärhanalarda yzygiderli ýaşlar bilen duşuşyp, Konstitusion kanunymyzdan gelip çykýan wezipeleri wagyz edýäris. Duşuşyklarda, esasan, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilýändigini, iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen bagly, Türkmenistanyň kanunlaryna, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işleriniň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dowam edýändigini, bulara degişlilikde bolsa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini ýaşlara giňden düşündirýäris, olar bilen bu babatda pikir alyşýarys.

Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda «2021-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny goldamak hakynda», «Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakyndaky» Kararlara hem gol çekdi. Düýp mazmuny raýatlarymyzyň sosial goraglylygyna, şeýle hem saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan bu Kararlaryň kabul edilmegi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň ýene-de bir gezek tassyklanmasy boldy. Aýratyn buýsandyrýan zat, döwlet Baştutanymyz öz taryhy çykyşynda: «Men şu ýerde ählimiz üçin örän möhüm bolan ýene-de bir meseläniň üstünde durup geçmek isleýärin. Biz döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna, bilim ulgamyny hem halkara derejede döwrebap ýagdaýa getirmäge, iň esasy bolsa, mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris» diýip belledi. Eýýäm ýaş nesliň terbiýesi meselesiniň durmuş-ykdysady ugurlar bilen deň hatarda goýulmagy hormatly Prezidentimiziň biz — ýaşlara bildirýän ynamynyň örän ýokarydygyny görkezýär. Şeýle hem milli Liderimiz bu babatdaky pikirini dowam edip: «Men ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemegi hem-de bu ugurda degişli Maksatnamany taýýarlamagy tabşyrýaryn» diýdi. Ýeri gelende ýatlasak, biziň Ýaşlar guramamyz degişli ylmy edaralar bilen ýylyň-ýylyna ylmy, ylmy-taslama bäsleşiklerini geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki bu sözlerinden ugur alyp, geljekde hem şeýle bäsleşiklerimizi hil taýdan has-da kämilleşdireris, ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mynasyp goşant goşarys diýip ynandyrasym gelýär.

Görnüşi ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň, kabul edilen Kararlaryň ählisi hem raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar geljegine, hukuk we sosial goraglylygyna gönükdirilendir. Şu pursatda ýurdumyzy ýagty geljegiň röwşen ýolundan batly gadamlar bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

08.10.2020ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI