GYZGALAŇLY MÖWSÜMDE DAÝHANYŇ DAÝANJY

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 9-njy okt­ýabr­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň pu­dakla­ryn­da şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri ba­ra­da­ky ha­sa­bat­la­ry diň­läp, ýur­du­myz­da hä­zir­ki wagt­da güýç­li dep­gin­de do­wam ed­ýän pag­ta ýy­gy­my möw­sü­min­de öň­de du­ran we­zi­pe­le­re hem aý­ra­tyn üns çek­di. Oba ho­ja­lyk­çy­la­rymyz üçin örän mö­hüm bo­lan bu möw­süm­de maddy-enjamlaýyn se­riş­de­le­riň, şol san­da pag­ta ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy hem-de pag­ta arassa­laý­jy kär­ha­na­la­ryň ta­la­ba­laýyk iş­le­me­gi il­kin­ji ze­rur­lyk­laryň ha­ta­ryn­da dur­ýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly döwlet maksatnamalaryny kabul edip, bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek meselesini döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Çünki bu ulgamda alnyp barylýan işler, ilkinji nobatda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde obasenagat toplumynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda daşary ýurtly öňdebaryjy kompaniýalardan satyn alynýan, ýerli toprak-howa şertlerimize doly laýyk gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň kadaly işledilmegi aýratyn möhüm bolup durýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda — pagta ýygymynyň öňüsyrasynda ýurdumyza ABŞ-nyň dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň pagta ýygyjy tehnikalarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy. Pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmekde, ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almakda we obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmekde munuň özi uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, täze tehnikalaryň 600-si iki tapgyrda ýurdumyza gelip gowuşdy. Geçen ýyl pagta ýygýan kombaýnlaryň 300-si getirilip, olar bellenen tertipde welaýatlarymyza paýlanyldy. Nobatdaky pagta ýygymy möwsüminiň öňüsyrasynda gelip gowşan kombaýnlaryň 300-si hem ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki pagta meýdanlarynda gyzgalaňly dowam edýän ýygym işlerinde doly kuwwatynda peýdalanylýar. Dört hatarly «John Deere 9970» kombaýnlarynyň bu görnüşi 250 at güýjüne barabar bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol ulanyşda ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň öndürijiligi 10 sagadyň dowamynda ortaça 12 gektara, bunkeriniň göwrümi 4 tonna barabardyr. Bu bolsa ähli meýdan işlerini agrotehniki möhletlere laýyk derejede we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli amal edilmegine ýardam berjekdigi ikuçsuzdyr.

Batyrmuhammet AMANMUHAMMEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

15.10.2020ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI