Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynyň işi ýokary derejelere çykarylýar. Bagtyýar zamanamyzda başy başlanan döwrebap özgertmelerdir gazanylýan ösüşler, alnyp barylýan beýik işler, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşymyza ornaşmagy üçin aýratyn alada edýär. Muny hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş berýän kitaplarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 12-nji jildi elimize gowuşdy. Halkymyzyň şatlygyny goşalandyran bu kitapda türkmen tebigatynyň jana şypaly ösümlikleri, olaryň dermanlyk häsiýetleri, ýaýrawy, atlandyrylyşy we peýdalanylyşy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Ýurdumyzda milli lukmançylygyň döwrebap tejribeler bilen utgaşdyrylyp alnyp barylmagy üçin aladalar edilýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ösümlikleriň bejerijilik häsiýeti bilen tanşyp, ony durmuşda giňden peýdalanypdyrlar. Mukaddes topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň köpjiltli ensiklopediýasyna öwrülen hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyna diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň lukmanlary, saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär. Bu kitap dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilip, lukmançylygyň üsti bilen halklaryň birleşmegine, saglygy goraýyş ulgamynda tejribeleriň alşylmagyna ýardam edýär. Ösümliklerden taýýarlanylýan derman serişdeleri baradaky maglumatlar daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Täze neşiriň sahypalarynda ýerli dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary, olary ulanmak bilen baglanyşykly maglumatlar jikme-jik beýan edilýär.
Görnüşi ýaly, bagy-bossan tebigatymyzyň her bir ot-çöpi şypaly derman, jana melhem. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini beýan edýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bize şeýle ajaýyp kitaby peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwet galamy ýiti bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Altyngözel HANGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
17.10.2020ý.