ÝAŞ ALYMLARYŇ OÝLAP TAPYŞLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Ünsli öwrenilýän ilkinji harpdan başlap, asmandaky ýyldyzlara eltýän uly açyşlaryň arasynda her ädimde ylym durandyr. 

HIMIÝA YLMY: ýaş alymlaryň oýlap tapyşlary döwrüň zerurlygyndan ugur alýar

Hormatly Prezidentimiziň 16-njy oktýabrda tassyklan Karary bilen «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň geljek bäş ýylda ýurdumyzda himiýa ylmy boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge, ähli ulgamlara öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary çekmäge, iň esasysy bolsa, ýaş alymlaryň täze neslini — himiýaçylary, inžener-tehnologlary taýýarlamaga we olaryň ylmy oýlap tapyşlaryny höweslendirip, önümçilige ornaşdyrmaga täze mümkinçilikleri açjakdygy ikuçsuzdyr.

Dö­wür bi­len aýak­daş git­mek is­len­dik ugur­da-da äh­mi­ýet­li­dir we­lin, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ýag­ty gel­je­gi­niň ke­pi­li bo­lan ylym ul­ga­myn­da onuň gym­ma­ty has baş­ga­ça­dyr. Çün­ki be­dew bat­ly ösüş­le­ri­mi­ziň, yk­dy­sady kuw­wa­ty­my­zyň be­len­de gö­te­ril­me­gi, öňi bi­len, ýur­du­my­zyň ylym ul­gamyn­da ýe­til­ýän sep­git­ler bi­len hem gönüden-göni bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Hä­zir­ki za­man dün­ýä­de do­wam ed­ýän çyl­şy­rym­ly şert­ler­de ko­ro­na­wirus ýo­kan­jy­nyň ýaý­ra­ma­gy­nyň se­bäp­le­ri we onuň öňü­ni al­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­ri yl­my taý­dan öw­ren­mek il­kin­ji no­bat­da­ky ze­rur­lyk­la­ryň ha­taryn­da dur­ýar. Şun­dan ugur alyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ugur­da yl­my bar­lag­la­ry alyp bar­mak, ýur­du­my­zyň ylmy-barlag ins­ti­tut­la­ryn­da ho­wa şert­le­ri­mi­ze gö­rä zy­ýan­syz­lan­dy­ryş er­gin­le­ri­niň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň üs­tünde iş­le­mek bo­ýun­ça mö­hüm tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Hä­zir­ki wagt­da Türk­menis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hi­mi­ýa ins­ti­tu­tyn­da bu ugur­da de­giş­li ylmy-barlag we sel­jer­me iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, ola­ryň oňyn ne­ti­je­le­ri berýän­di­gi­ni bol­sa, bu ylym oja­gy­nyň ýaş alym­la­ry­nyň oý­lap ta­pyş­la­ry­nyň my­sa­lyn­da gör­mek bol­ýar.

BRIKETLENEN ÜZÄRLIK: täze usul, täze çemeleşme

«Üzär­lik (penga­min har­ma­la) ösüm­li­gi­ni bri­ketleş­dir­me­giň usu­ly» at­ly oý­lap ta­py­şyň mak­sa­dy we aý­ratynlyklary barada TYA-nyň Hi­mi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň te­bi­gy we gid­ro­mi­ne­ral çig mal­la­ryň hi­mi­ýa­sy we teh­no­lo­gi­ýa­sy bar­lag­ha­na­sy­nyň mü­di­ri Goç­my­rat Aman­na­za­row, ine, şeý­le gür­rüň ber­di:

— Mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň düý­bün­den tä­ze nus­ga­sy­ny dö­ret­me­giň göz­ba­şyn­da du­ran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzir ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça anyk çäreler görülýär. Şol işleriň çäginde Himiýa institutynda ýokanç kesellere garşy biziň halkymyzda gadymdan bäri giňden peýdalanylýan üzärligiň ähli bölekleriniň, ýagny baldagynyň, gülüniň, ýapragynyň we köküniň himiki düzümini hem-de ondaky elementleriň fiziki-himiki häsiýetlerini anyklamak maksady bilen, ylmy-barlag we seljerme işleri geçirildi. Netijede, adaty üzärlik ösümligini ilkinji gezek, hiç hili goşundysyz, belli bir basyş astynda dykyzlandyryp briket görnüşine getirmek usuly işlenip düzüldi.

TEJRIBEDE ALNYŞY:

0,1-1,5 mm çenli maýda ownadylan üzärlik suw bilen 1:1 gatnaşykda çyglandyrylýar we ýelmeşip duran garyndy (şihta) alynýança, belli bir temperaturada kem-kemden gyzdyrylýar we garylýar. Taýýar bolan garyndy ýörite niýetlenen galyplara guýulýar, soňra 1,2-1,5 MPa basyş astynda 0,8-1,2 g/sm3 dykyzlykly briket görnüşine getirilýänçä gysylýar. Soňra şekillerden çykarylyp, guradyjy kamera ugradylýar. Ol ýerde kem-kemden 90o С çenli temperaturada briketler guradylýar.

ULANYLYŞY:

Geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde üzärlik ýakylanda emele gelýän tüssäniň düzüminde ozonyň mukdarynyň onuň adaty howada bolmalysyndan 20 esse ýokarydygy anyklandy. Ol howany zyýansyzlandyrmakda, agyz we akar suwlary dezinfeksiýalaşdyrmakda, patogen mikroorganizmleri hem-de kömelekleri zyýansyzlandyrmakda, lukmançylyk gurallaryny we enjamlaryny arassalamakda (sterilleşdirmekde), adamlaryň immunitetini ýokarlandyrmakda giňden ulanylýar.

MAKSADY:

Üzärligi briketleşdirmek usulynyň esasy maksady ýylyň ähli paslynda, islendik ýerde tüsseletmek arkaly, bu melhemlik ösümligiň howany tämizleýji, rahatlandyryjy, dürli ýaramaz täsirlerden goraýjy häsiýetini giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Çünki üzärlik tüsseledilende, garmin alkaloidi bölünip çykýar. Munuň özi jemgyýetçilik arassaçylygy hem-de saglygy goramak çärelerinde we beýleki maksatlar üçin ulanylanda örän peýdalydyr.

Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak bilen baglylykda, üzärlik briketiniň önümçiliginiň senagat derejesinde ýola goýulmagy içerki sarp edijileriň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmaga we ony daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu ugurdaky barlag-seljerme işleri häzirki günlerde hem giň gerimde dowam etdirilýär.

ZYÝANSYZLANDYRYŞ ERGINLERI: zerur önüm indi özümizde öndürilýär

Ho­wa şert­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da, zy­ýan­syz­lan­dy­ryş er­gin­le­ri­niň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni al­mak bo­ýunça ge­çi­ri­len yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bi­len ins­ti­tu­tyň teh­nolo­gik tas­la­ma we ka­da­laş­dy­ry­jy res­mi­na­ma­lar bö­lü­mi­niň mü­di­ri Es­ger An­na­ha­now ta­nyş­dyr­ýar:

Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hi­miýa institutynyň alymlary tarapyndan zyýansyzlandyryş erginleriniň täze görnüşlerini almak boýunça geçirilen iş­le­riň çä­gin­de ýer­li çig mal­lar esa­syn­da 5 sa­ny tä­ze bir­leş­me — al­kil­sul­fa­tam­mo­niý, al­kil­sul­fat­nat­riý, bu­tilsulfonatriý, butilsulfoammoniý hloridi we alkilammoniý hloridi alyndy. Olary almakda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilýän kükürt kislotasy, karbamid, kaustik sodanyň ergini hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň çakyr we şeker kärhanalarynda esasy önüm bilen bir hatarda, emele gelýän siwuş ýaglary peýdalanyldy. Bu birleşmeleriň bakteriýalara we kömeleklere garşy häsiýetleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň bakteriologiýa barlaghanasynda synagdan geçirildi. Bu birleşmeler Türkmenistanyň çäginde duş gelýän ştammlardan alnan 4 sany mikroorganizmiň kulturalarynda barlagdan geçirilip, netijede, alkilsulfonatriý duzundan (alkil-dez) beýleki 4 erginiň bu ştammlara täsir edýändigi, şeýle-de bu sintezlenen erginleriň bakteriýalary we kömelekleri zyýansyzlandyryjy ukybynyň bardygy anyklanyldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda zyýansyzlandyryjy serişdeleri öndürýän edara-kärhanalar önümçilik üçin iň zerur bolan izopropil (propanol-2) spirtini daşary ýurtlardan getirip, zyýansyzlandyryjy serişdeleri öndürýärler. Himiýa institutynyň alymlary bolsa ýerli çig mallar esasynda (şeker we çakyr kärhanalarynyň galyndylary) berkligi 96,0-96,5 göterim bolan arassa izopropil spirtini almagy başardylar. Barlaghana şertlerinde alnandan soň, izopropil spirtiniň önümçilik ylmy-barlag işleri institutyň alymlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynyň hemde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Abadan» çakyr kärhanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

Geçirilen tejribe işleriniň netijesinde oňyn netijeler gazanylyp, önümçilikde izopropil spirti alyndy. «Maryşeker» AGPJ-de esasy önüm bilen bir hatarda, emele gelýän gapdal önümden — siwuş ýaglaryndan izopropil spirtini öndürmegiň tehnologiýasy işlenip düzüldi. Ylmy-barlag we seljerme işleriniň netijesi bu birleşmeleri hem-de izopropil spirtinden zyýansyzlandyryjy serişdeleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Büzmeýindäki zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynda öndürmek mümkinçiliginiň bardygyny subut edýär.

Aýgül RAHYMOWA,

“Nesil” gazeti,

20.10.2020ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI