Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna

TÜRK­ME­NIS­TAN — BMG: netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

Türk­me­nis­tan ab­raýly hal­ka­ra gu­ra­malar, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyzmat­daş­ly­gy ös­dür­mäge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry bol­sa, ýur­du­my­zyň umu­ma­dam­zat bähbit­li mö­hüm me­selelere uly gyzyklan­ma­sy­nyň we taý­ýar­ly­gy­nyň bardy­gy­ny gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň mil­li bäh­bit­le­re, dün­ýä bi­lele­şi­gi­niň umu­my yk­rar edilen ýörelgelerine laýyk gel­ýän pa­ra­hat­çylyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry syýasy ugry bu gurama bi­len hyz­mat­daş­lygy täze mazmun bilen baý­laş­dyr­ýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Şol döwürden başlap ýurdumyz bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary alyp barýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak babatdaky tagallalarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolandygyny görkezýär. Şeýle-de 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Türkmenistan bu abraýly gurama bilen Bitaraplyk taglymatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, özüniň syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny tutuşlygyna ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Bu maksatlary durmuşa geçirmekde 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu merkeziň açylmagy hemişelik Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň parahatçylygy goldamakda uly mümkinçiliginiň bardygyny görkezmek bilen, sebit ýurtlarynyň parahatçylykly hem-de sazlaşykly ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Baş Assambleýa tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Milletler Bileleşiginiň ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik işine ýokary baha berýändigini alamatlandyrdy.

Häzirki döwürde oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplap, guramanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň işine wideoýüzlenme bilen gatnaşmagy munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmenistan sebit we ählumumy derejede dartgynlygyň peselmegine, jedelli meseleleriň, gapma-garşylyklaryň syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine gönükdirilen syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Bu babatda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek bilen, ýurdumyz durnukly, ylalaşykly we doly möçberli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy howpsuzlyk ulgamyny goldamak we berkitmek, halkara dawalaryň ýüze çykmagyna ýol bermezlik, döwletleriň, halklaryň durnukly ösüşine ýardam bermek ýaly bilelikdäki tagallalara mynasyp goşant goşmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda teklibi öňe sürmegi hem-de onuň giň goldawa eýe bolmagy parahatçylyk söýüjilige ýugrulan ýörelgeleriň gyşarnyksyz amala aşyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleri utgaşdyrmakda, şeýle-de Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw bermek boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrmakda energetika, ulag we aragatnaşyk babatda syýasatyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Bu babatda ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagy aýratyn bellärliklidir. 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki düzümleýin taslamalary amala aşyrmak boýunça ylalaşyklara gol çekilmegi, hususan-da, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elektroenergetiki we optikisüýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýollaryň gurluşygy goňşy döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň sebitiň syýasy we ykdysady durnuklylygyny gazanmakda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly syýasy-diplomatik işiniň hem möhüm ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşine hem-de onuň beýleki iri düzümlerine agza hökmünde gatnaşmagy, bu möhüm düzümleriň çäklerinde döwletleriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy ulag diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam edýär. Şu babatda nobatdaky mejlisde milli Liderimiz 2021-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz: «Aral meselesinde ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmäniň, degişli resminama-hukuk üpjünçiligiň zerurdygyna hem-de onuň Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn bir ugry hökmünde öňe çykarylmalydygyna ynanýarys» diýmek bilen, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şundan ugur alyp, häzirki wagtda biziň ýurdumyz BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen, onuň taslamasyny dünýä bileleşigine hödürlemegi meýilleşdirýär.

Umuman, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipdir başlangyçlaryndan hem aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşmagy, bütin adamzady tolgundyrýan, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, köpugurly ulag-üstaşyr düzümleri döretmek, ekologiýa abadançylygyny we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alyp barýan netijeli gatnaşyklary bolsa, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge gönükdirilendir.

Akmuhammet Jumagulyýew,

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNYŇ MUGALLYMY

“Nesil” gazeti,

24.10.2020ý.

Meňzeş habarlar