Türkmenistanly ýaş alym Gün energiýasyny beton önümçiliginde peýdalanmagy teklip edýär
Heý, siz gurluşyk senagaty üçin iň zerur serişdeleriň biri bolan betonyň öndürilişine şaýat bolup gördüňizmi? «Nesiliň» müňlerçe okyjysynyň içinde, gürrüňsiz, bu işiň jümmüşinde zähmet çekip ýörenler hem bardyr. Olar gowy bilýändir: galyba guýlan beton suwdan çykýan bug bilen gatadylýar. Şeýle edilende, ol aňyrsy ýedi-sekiz sagatdan gatap, bolmaly durkuna gelýär. Emma betony başga şertler bilen gatatmak üçin has köp wagt gerek. Şonuň üçin hem işiň bu bölüminde, köplenç, bug ulanylýar.
Gün — iň gowy ýylylyk çeşmesi
Bug almak üçin suwy gaýnatmaly, suwuň gaýnamagy üçin hem ýokary derejede gyzgynlyk gerek. Häzir beton önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalarda suw gyzdyrmak üçin tebigy gaz ulanylýar. Biler bolsaňyz, türkmenistanly talyp ýigit bu işdäki tebigy gazy Gün energiýasy bilen çalyşmagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Şeýlelikde, onuň «Beton önümlerini taýýarlamagyň tehnologiýasynda Gün energiýasyny peýdalanmak» atly ylmy işi döredi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň soňky ýylynda okaýan, edil häzir bolsa «Aşgabatenergiýagurluşyk» kärhanasynda okuw tejribeligini geçýän talyp ýigit Serdar Bekmämmedow muny nähili başardy? Bu işiň ähmiýeti nämede? Onuň nähili geljegi bar? Şu we beýleki sowallaryň ählisine ýazgylarymyzdan jogap tapyp bilersiňiz. Şonuň üçin şu ýyl ýaş alymlaryň arasyndaky bäsleşikde ikinji orna mynasyp bolan ýigidiň ylym dünýäsine bilelikde aralaşmaga çalşalyň!
Tebigy gazyň ýerini doly tutar
— Biler bolsaňyz, Ýere düşýän Gün şöhlesiniň 30 göteriminiň tolkuny dürli garşylyklara duçar bolup, uzynlygy üýtgemezden, yzyna serpikdirilýär. Ýere Gün energiýasynyň diňe 23 göterimi gelip ýetýär. Ýene bir gyzykly maglumat: Gün şöhlelenmesiniň doly kuwwaty 4.1014 mlrd. kWt töweregi hasaplanýar. Ýere bolsa ýylyň dowamynda 1,56.1015 kWt töweregi şöhläniň energiýasy düşýär. Ýöne şu mukdar hem tutuş dünýäde harçlanýan ýangyç-energiýasy bilen deňeşdirilende müňlerçe esse köpdür — diýip, Serdar bize Gün energiýasynyň kuwwaty barada düşündirmäge çalyşýardy. Ýöne orta mekdebi tamamlanyma ýigrimi ýyl çemesi geçen hem bolsa, fizika ylmy barada bilýänlerimiz üýtgemändi. Bu aýdylýanlara ozal hem ýarym-ýarty düşünýärdim, häzirem şeýle. «Bu ýerde düşünmez ýaly näme bar? Ol Gün energiýasynyň kuwwaty barada aýdýar» diýmegiňiz hem mümkin. Muňa menem düşündim, ýöne diňe Serdar örän sada dil bilen düşündirensoň. Görşümiz ýaly, Gün energiýasy durşuna bir ylym eken-ä! Özem juda gyzykly ylym. Başaryp bilseň, ony al-da, ulanyber. Ol ähli energiýalaryň öwezini doly tutup biljek.
Ýaş alymyň aýdyşy ýaly, betony guratmak tehnologiýasynda Gün energiýasyny özleşdirmegiň esasy ugurlary örän giň barlaglary we tehniki-ykdysady görkezijisi ýokary we amatly bolan geliotehniki enjamlaryň döredilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Onsoň hem, Türkmenistan — güneşli ýurt. Biziň ýurdumyzda, ortaça, ýylyň 300 güni howa açyk, asman güneşli bolýar. Bu bolsa Günden energiýa almak üçin ýeterlikdir. Şonuň üçin hem beton önümçiliginde Gün energiýasyny peýdalanmak üçin Türkmenistan iň amatly geografik şertleri özünde jemleýär. Şol sebäpden, talyp ýigit beton önümçiliginde suwy ýylatmak üçin ulanylýan tebigy gazy Gün energiýasy bilen çalyşmagy teklip edýär.
Onuň işläp taýýarlan taslamasy boýunça ulgam nähili işleýär?
Ilki bilen, beton öndürýän kärhananyň çägindäki açyk meýdanda Gün panellerini ýerleşdirmeli. Paneller Gün energiýasyny kombinirlenen usulda ulanmaga ýardam berýär. Gurluşyň indiki bölekleri kollektorlardan, ýylylyk akkumulýatorlaryndan, şol akkumulýatorlar bilen utgaşdyrylan geliokameralardan ybarat. Ähli enjamlar ýerli-ýerinde birikdirilensoň, Gün energiýasy ýylylyk çeşmesi hökmünde ulanylyp, beton önümçiliginde peýdalanylýan suw gyzdyrylýar. Bu energiýa tebigy gazyň suwy gyzdyryp biliş çaltlygy bilen deňdir. Ýagny suwy Gün energiýasy arkaly gyzdyrmak artykmaç wagty talap etmeýär. Açyk howada Günden alnan energiýa ýörite akkumulýatorda ätiýaçlyk gory hökmünde saklanylýar. Bu bolsa Ýere şöhläniň az düşýän bulutly günlerde hem önümçiligi bökdemezlige şert döredýär.
Tebigy gazda gaýnan suw bilen Gün energiýasy arkaly gaýnan suwuň bugunyň arasynda hiç hili tapawut ýok. Gaýtam, Gün energiýasynyň ekologiýa üçin iň bähbitli energiýadygy mälimdir.
Täze usulyň nähili artykmaçlyklary bolar?
Ýokarky bölümde ýazan iň soňky sözlemimiz, aslynda, şu bölüme ugrukdyrma. Türkmenistan — tebigy gaza baý döwlet. Beton önümçiliginde näçe peýdalansak hem, onuň gorunyň egsiljek gümany ýok. Şeýle bolsa, birtopar tehnologik gurluş satyn alyp, ep-esli serişde çykaryp, suwy Gün energiýasy bilen gyzdyrjak bolup ýörmegiň näme ähmiýeti bar? Ine, bu sowalyň jogaby: Gün energiýasynda daştöwerege zyýanly galyndylar asla ýokdur. Bütin Ýer ýüzünde ulaglardan başlap, iri binalardan öýlere çenli Gün energiýasyndan peýdalanmaga ýykgyn edilmegi hem hut şonuň üçindir. Geçen ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çägindäki sergide Serdar oňa gatnaşyjylara «Aşgabat-siti» taslamasy barada gürrüň bermek jogapkärçiligi ynanylan talyplaryň biri. Ol geljegiň şäheri boljak täze taslamanyň binalarynyň ählisiniň üstünde Gün panelleriniň ýerleşdirilendigine ünsi çekýär.
— Diňe bu-da däl, hususyýetçilerimiziň arasynda ýörite Gün panelleri boýunça iş alyp barýanlarynyň sany barha köpelýär. Garagumuň jümmüşindäki çopan goşlarynyň käbirinde elektrik çeşmesi hökmünde şeýle paneller peýdalanylýar. Geljekde bu işler has ösdürilip, ähli ýyladyş ulgamlarynda Gün energiýasyndan peýdalanmak barada işlenilýär — diýip, Serdar maglumatlaryň üstüni ýetirdi. Häzir bir beton kärhanasynda sarp ediljek tebigy gazy Gün energiýasy bilen çalşyp, ony başga bir maksatlar, belki, eksport üçin ulanmagyň tarapdary bolan talyp ýigit geljekde has köp mukdardaky gazy tygşytlap boljakdygyny aýdýar. Galyberse-de, Gün energiýasyny peýdalanmak bilen, betonyň çydamlylygyny, berkligini güýçlendirip bolar. Çünki Gün şöhlesinde peýdaly täsir döredip biljek garyndylar kän. Ýöne betonyň bu garyndylara has berk eýermegi we çydamly bolmagy üçin onuň düzümine gidrofob serişdesi goşulmaly.
Beton önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalarda teklip edilýän täze ýylylyk ulgamyny ornaşdyrmak tehniki-ykdysady taraplardan hem amatlydyr. Häzir onuň düzümindäki gurluşlaryň aglabasyny daşary ýurtlardan getirmeli bolýandygy üçin, beton önümçiliginde Gün energiýasyndan peýdalanmak diňe üç ýyldan soň bähbitli bolup biler. Şeýle gurluşlar 10 ýyl kepillik bilen gurulýar. Ýöne geljekde ulgamdaky enjamlaryň özümizde öndürilmegi bilen, olar gurnalan dessine maddy we ekologik bähbidi göze görnüp başlar. Şeýlelikde, bu taslama önüm öndürijilere has arzan düşer.
Maksat: Gün energiýasyny ähli ýere paýlamak
Serdar bu işiň başyna talyplygynyň ikinji ýylynda institutyň mugallymy Ýagmyr Myratberdiýewiň teklibi bilen girişdi. Halypa-şägirt ikisi bu işiň üstünde kän kelle döwdüler. Olar Aşgabadyň iri panelli jaý gurluşygy kärhanasynda taslamany iş ýüzünde synagdan hem geçirip gördüler. Kärhanadaky synaglar ähli meýilleşdirilen taslamalaryň ýerine düşendigini görkezdi.
Olaryň aýtmagyna görä, beton önümçiliginde Gün energiýasyndan peýdalanmak usuly bütin dünýäde hem seýrek başyna barlan taslama. Şeýle synanyşyklar Russiýada edildi. Häzir ýurduň käbir iri demirbeton kärhanalarynda ýylylyk çeşmesi hökmünde Gün energiýasyndan peýdalanylýar. Eger durmuşa geçirilse, ýaş alym Serdar Bekmämmedowyň bu taslamasy şu ugurda ýurdumyzda ädilen ilkinji ädim bolar. Henize çenli söhbetdeş bolan ýaş alymlarymyzyň ählisine mahsus bolşy ýaly, Serdar hem işi kämilleşdirmegi maksat edinýär. Suwy ýyladyp, onuň buguny ýyladyş ulgamlarynda ulanmak öňden gelýän tejribe. Köp ýerlerde bolsa suw tebigy gaz bilen ýyladylýar. Ýaş alymyň aýdyşy ýaly, muny Gün energiýasy bilen çalşyp bolar. Serdaryň öňde goýan maksatlary anyk. Anyk maksat bolsa işiň gylla ýarysydyr. Nesip bolsa, ýurdumyzda Gün energiýasyndan köpçülikleýin peýdalanyp başlanmagynda, Serdar Bekmämmedow ýaly ýaş hünärmenlerimiziň hem uly paýy bolar.
Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
“Nesil” gazeti,
27.10.2020ý.