BAGTYÝARLYK DÖWRÜNDE ZENAN MERTEBESI

Asudalygyň, abadançylygyň, bolçulygyň, rysgal-berekediň ýurdy bolan eziz Diýarymyzyň her bir güni türkmeniň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär.

Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Giň gerimli özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alyp, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Dünýä giňişliginde Türkmenistanyň at-abraýy barha we barha belende galýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamaga ykjam taýýarlyk görýär. Bir söz bilen aýdylanda, eziz Diýarymyzyň raýatlarynyň ählisi her bir ädimde döwletimiziň, hökümetimiziň, milli Liderimiziň yzygiderli aladalaryny duýup ýaşaýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Biziň döwletimiz zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin hemişe alada eder» diýýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda mukaddes Käbä deňelýän enelerimiziň, bägül kimin gelin-gyzlarymyzyň sylag-hormaty çäksizdir. Biziň ýurdumyzda zenanlar ýaşaýşyň gözbaşyna, durmuşymyzyň bezegine deňelýär.

Ýurdumyzda päk zähmeti bilen tapawutlanýan zenanlarymyza Şa serpaýlarynyň ýapylmagy, her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlardan başlap, ähli kärhanalarda işleýän, okuw mekdeplerinde okaýan aýal-gyzlara pul sowgadynyň gowşurylmagy indi ajaýyp däbe öwrüldi. Bu bolsa her birimiziň kalbymyzda ýakymly duýgulary oýarýar. Şeýle belent hormata, sarpa mynasyp ýaşamak, işlemek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Türkmen halkynyň gelin-gyzlaryna goýýan belent sarpasy, sylag-hormaty üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny özümize ýol-ýörelge, nusgalyk mekdep edinip, geljegimiz bolan ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermekde, hünäre ugrukdyrmakda arman-ýadaman zähmet çekeris. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Merjen ATAÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

29.10.2020ý.

Meňzeş habarlar