YKDYSADY ÖSÜŞIŇ YGTYBARLY BINÝADY

1-nji noýabr — Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik öz­gert­me­ler ýur­dumy­zy ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­ýar, dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyndan belent ykrarnama eýe bol­ýar. Ta­ry­hy öz­gert­me­le­ri baş­dan ge­çir­ýän eziz Di­ýa­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak giň ge­rim bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da mil­li ma­na­dy­my­zyň hüm­me­ti­niň bel­le­ni­len de­reje­ler­de sak­lan­ma­gy­nyň döw­le­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­ne gönüden-göni tä­sir ed­ýän­di­gi aý­dyň ha­ky­kat­dyr.

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, bazar ykdysadyýetiniň özboluşly türkmen nusgasyny döretmek bilen, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyryp gelýär. Şol ýyllarda täze türkmen milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmegi ata Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny aňlatmak bilen, ol ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi hökmünde ykrar edildi. Häzirki döwürde manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini gazanmak, onuň goraglylygyny üpjün etmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda manadymyzyň denominasiýasy geçirilip, onuň täze nusgasy dolanyşyga girizildi. Bu bolsa milli manadymyzyň hümmetiniň artmagyna getirdi. Ykdysadyýet ylmynda denominasiýa — bahalaryň ýagdaýynyň üýtgemegi we köne pul belgileriniň täze görnüşlerine çalşyrylmagy arkaly milli walýutany berkitmek babatda görülýän çäreleridir.

Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasyna halkara bilermenleri we iri maliýe düzümleriniň wekilleri tarapyndan ýokary baha berilýär. Oňa laýyklykda, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hil taýdan halkara derejesine çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny bank işine ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Halkymyz pula halallygyň, döwletliligiň, arassalygyň nyşany hökmünde garaýar. Munuň özi gadymdan gelýän mukaddes ýörelgedir. Bu günki gün halkymyz öz milli manadyna şanly Garaşsyzlygymyzyň nyşany bolan mukaddeslik hökmünde örän uly sarpa goýýar.

Milli pulumyzyň hümmetini artdyrmaklyk onuň satyn alyp bilijilik gymmatynyň güýçlenmegine, halkyň bolelin ýaşamagyna gönükdirilendir. Manadymyzyň hümmetiniň pugtalanmagy ilata öz süýşürintgilerini banklarda goýmaga, goşmaça girdeji çeşmesine eýe bolmaga hem şert döredýär. Munuň özi halkyň pul süýşürintgilerini maýa goýumy hökmünde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek işleri üçin gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen manady milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmekde we bank ulgamynyň işini pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan girizilen kartly töleg ulgamy nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça amatlyklary döredýär. Bu bolsa ilatymyz üçin hem örän ähmiýetli bolup, häzirki wagtda raýatlaryň zähmet haklary, kömek pullary, talyp haklary elektron töleg kartlary arkaly öz wagtynda talabalaýyk geçirilýär.

Bank kartlary arkaly hasaplaşyklar ýurdumyzyň raýatlaryna dürli ýeňillikleri döredýär. Häzirki wagtda bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary hem-de dürli petekleri satyn almak, aragatnaşyk, jemagat, ýaşaýyş jaý, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryny tölemek, karzy we onuň göterimlerini üzmek üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Ata Watanymyzyň abraý-mertebesini beýgeldýän beýik işlere badalga berlen häzirki döwürde milli Liderimiziň ykdysady özgertmelerine laýyklykda, halkara maýa goýum işjeňligini artdyrmak ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan maýa goýumlar babatdaky halkara hyzmatdaşlyk ileri tutulyp, eziz Diýarymyz bu babatda barha özüne çekiji döwlete öwrülýär. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk derejesi, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, milli walýutamyzyň hümmetiniň durnuklylygy, döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň hereket etmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hukuk taýdan goraglylygy, maýadarlary höweslendirmek üçin döredilýän salgyt, gümrük boýunça ýeňillikler netijeli daşary ýurt maýa goýum syýasatynyň rowaçlanmagyna ähli mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň halkara maliýe guramalarynyň işine işjeň gatnaşmagy, milli ykdysadyýetiň halkara hyzmatdaşlyk üçin açyklygy ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň täze häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşinde bu abraýly gurama tarapyndan ýurdumyza synçy derejesiniň berilmegi bolsa döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan söwda diplomatiýasynyň dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýandygyny tassyklaýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa we köptaraply söwda ulgamy» atly ýokary derejeli halkara maslahatyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek zerur. Bütindünýä söwda guramasynyň ýokary derejeli wekilleri bilen 2019-njy ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde netijeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Dünýäniň abraýly maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ösen döwletleriň ykdysady tejribesini öwrenmäge we olary milli ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, maliýe-bank ulgamyna girizmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan döwletini dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmakda, türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmakda we döwletiň ykdysady kuwwatyny berkitmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!

Daýanç ANNADURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

31.10.2020ý.

Meňzeş habarlar