Synmaz ynam – beýik geljek

Milli Liderimiziň döwlet syýasatynda ýaş nesiller babatdaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigi bizi ýokary ruhubelentlikde, döredijilikli zähmet çekmäge borçlandyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy wezipesi adamyň we jemgyýetiň ösmegine ýardam etmekden, onuň intellektual hem-de zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmekden ybaratdyr. Döwlet ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlykda bolup, dürli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak guramanyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň hem işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen netijeli işler alnyp barylýar.

Şol maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasymyza sarpany, zähmete bolan söýgini has-da ösdürmek, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny terbiýelemek ugrunda alyp barýan işlerimize iňňän jogapkärli çemeleşmegi talap edýär.

Güneşli diýarymyzda ýaş nesillerimiziň ilhalar adamlar bolup ýetişmegi, olaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek babatdaky işler döwrüň talaplaryna laýyklykda netijeli alnyp barylýar. Döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmelidigine, deputatlaryň ýaşlaryň arasynda geçirýän işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu meselä hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda hem möhüm orun berdi. Kanun çykaryjy häkimiýetiň wekillerine ýaşlaryň arasynda sagdyn ýaşaýşy goldamak, sport bilen meşgullanmak, milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, bu ugurda beýleki döwletleriň tejribesini öwrenmek we zerur bolanda, kanunlarymyza milli ýörelgelerimize laýyk gelýän kadalary girizmek, bilim, maşgala kanunçylygyny kämilleşdirmek, obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek meselesini çözmek barada tabşyryklar berildi. Şeýle işler «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynda hem göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ýurdumyz BMG-niň Ilat gaznasy bilen hem degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şunuň çäklerinde 2016 – 2020-nji ýyllar aralygynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bu guramanyň arasynda ýörite iş Meýilnamasy esasynda «Ýaşlar merkezi» hereket etdi. Mundan başga-da, 2019 – 2020-nji ýyllarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almakda ýerli bileleşikleriň we serhetara hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny artdyrmak» atly taslamasy amala aşyryldy. Geljekde hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýaşlar syýasaty boýunça tejribe alyşmak üçin BMG we beýleki halkara guramalary bilen bilelikde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, bilelikdäki maksatnamalary amala aşyrmak boýunça hem degişli işler meýilleşdirilýär.

Ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, Ministrler Kabinetiniň ýanynda ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölümiň hereket etmegi Garaşsyz diýarymyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde örän jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşilýändigini görkezýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzy dolandyrmakda, bütindünýä ähmiýetli Kararlary kabul etmekde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesinden ugur almakda nusgalyk görelde görkezýär. Muňa biz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Geçirilen bu taryhy Halk Maslahatda kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň, esasan-da ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.

Dünýäde ýüze çykan häzirki çylşyrymly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlary berk bedenli, sagdyn ruhly nesiller hökmünde kemala getirmäge aýratyn üns berýär. Şonuň bilen birlikde, dünýäniň dürli sebitlerinde uly kynçylyklary döredýän koronawirus ýokanjynyň biziň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak babatda Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlaryndan hem-de Türkmenistanda ýiti ýokanç kesele garşy dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyny hem-de dünýäniň häzirki epidemiologik ýagdaýyny nazara alyp, öňüni alyş çäreleriniň talaplaryny ýaşlaryň doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat işlerini, sport bäsleşiklerini, döredijilik duşuşyklaryny, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri yzygiderli guraýar.

Altyn asyrymyza aýdym bolup gelýän arzyly günleriň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak agzybir halkymyz üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan ýaşlar üçin bolsa şeýle taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. Şeýle buýsanjyň eýeleri bolan türkmen ýaşlary döwlet Baştutanymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Arkadag Prezidentimiziň: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi we beýik geljegidir» diýip, ýaşlara bildirýän beýik ynamyna mynasyp jogap bermek hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde kesgitlän wezipelerini durmuşa geçirmek üçin ähli güýç-gaýratymyzy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekeris.

Eziz Watanymyza hyzmat etmekden belent borjuň ýokdugyny hemişe ündeýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda görkezýän şahsy göreldesi ählimiz üçin, aýratyn hem türkmen ýaşlary üçin ajaýyp nusgadyr. Watançylyk düşünjesi ynsanyň ganyna ene süýdi bilen bilelikde siňýän näzik duýgudyr. Şonuň üçin jemgyýetiň her bir raýaty çagany ýaşlykdan alada bilen gurşap, oňa ýagşy görelde görkezmekde öz goşandyny goşmaga çalyşmalydyr. Bu ugurda uly tagallalary edýän, bize her bir işde görelde bolýan, Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç bolsun!

Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

«Adalat» gazeti,

25.12.2020ý.

Meňzeş habarlar