Golaýda TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramagynda welaýat gümrükhanasynyň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada kapitan Sähra Arazweliýewa, çagyryş boýunça harby gullukçy Yhtyýar Haýydow dagy bu kitabyň dünýä halklaryny parahatçylyk we ösüş arkaly jebisleşdirýän taglymatynyň manysyny beýan edip, mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp, gymmatly eseriniň ähli halkymyz bilen birlikde ýurdumyzyň merdana Watan goragçylary üçin hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyna toý sowgady bolandygyny buýsanç bilen bellediler.
Orazgeldi HEMRAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.
«Esger» gazeti,
24.12.2020ý.