Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň (MOK) Baş Assambleýasynyň mejlisi boldy. Onda Milli olimpiýa komitetiniň 2016 — 2017-nji ýyllardaky ýerine ýetiren işlerine syn berildi. Onuňgün tertibine birnäçe möhüm meseleler, şol sanda soňky ýyllarda ýerine ýetirilen işler barada hasabat, olimpiýa hereketini mundan beýläk-de ösdürmegiňmeýilnamalary hem-de MOK-nyňprezidentini we Ýerine ýetiriji komitetiňagzalaryny saýlamak meseleleri girizildi. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyz üçin esasy waka bolandygy bellenildi. Halkara sport jemgyýetçiligi bu oýunlaryň ýokary derejede guralyşyna, iň berk dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän düzümleriň nusgalyk hiline ýokary baha beripdi. Dogrudanam, Merkezi Aziýa sebitinde iň uly sport dabarasyna öwrülen «Aşgabat — 2017» oýunlary dünýä ýüzünden gelen tälimçileriň, türgenleriň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, tomaşaçylaryň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu ýaryş Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki sport oýunlaryny gurnamak, geçirmek we halkara ýaryşlaryna türkmen türgenlerini taýýarlamak babatda dünýäde özüni ykrar etdirip bilen döwlet hökmündäki belent ykraryýetini gazandy. Türkmenistan sporta uly üns berýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edildi. Türkmenistanyň sport mümkinçiliklerini, iri sport çärelerini geçirmäge guramaçylygynyň we tejribesiniň bardygyny dünýäniň çar künjeginden gelen myhmanlar biragyzdan tassyklady. Dünýä metbugatynda Aşgabat halkara sport ýaryşlarynyň esasy merkezi hökmünde teswirlenildi.
Milli olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar MOK-nyň başlyklygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaýtadan saýlanylmagyna biragyzdan ses berdiler. Assambleýada hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan sporta höweslendirmek, maksada okgunly goldamak we ösdürmek barada oňyn strategiýanyň miwelerini V Aziýa oýunlarynyň ilkinji günlerinden duýmak başartdy. Türkmen türgenleriniň bu halkara ýaryşda gazanan 245 medalynyň 89-sy altyn medaldyr. Bu taryha ýazylan ajaýyp üstünlikdir.
Dünýä ýüzünde özüniň Bitaraplygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ynsanperwerligi, asudalygy, ägirt uly gaz gorlaryna baýlygy, ykdysady mümkinçilikleriniň köplügi we ykdysady görkezijileriniň ýokarylygy bilen tanalýan Türkmenistan bu gün özüniň sport babatda hem uly üstünlikleri gazanmaga ukyplydygyny, dünýä ýüzünde sport bilen hem tanalýandygyny subut etdi. Bu şanly wakalaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýarlygy hem-de halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmek üçin uzak geljege niýetlenen beýik maksatlarynyň aýdyň miwesidir.
“Nesil” gazeti,
24.04.2018ý.












