BILELIKDE BEÝIK MAKSATLARA TARAP

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar. Özara bähbitli gatnaşyklaryň täze mümkinçilikleri açylýar. Bu ugurda ädilen her bir täze ädim diňe taryha däl, eýsem ykballarymyza täze sahypa bolup ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň 23-24-nji aprelde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem muňa güwädir. Döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar uzak geljegi nazarlaýan ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň täze derejesine badalga berdi. Iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykýandygy saparyň dowamynda dünýäniň iri habar beriş serişdeleriniň esasy ýüzlenýän temalarynyň birine öwrüldi. Olarda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň örän netijeli bolandygy nygtalýar.

Taryhy ýakynlyklarymyz, medeni-ruhy, däp-dessur umumylyklarymyz türkmen we özbek halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp geldi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar has-da işjeň we netijeli tapgyryna gadam basýar. Bu gatnaşyklaryň süňňünde-özeninde dost-doganlyk we bir-birege ynamlylyk ýatyr. Şol duşuşyklaryň, gepleşikleriň her birinde döwletara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmak hem-de ykdysady ösüşi täze gözýetimlere ýetirjek özara bähbitler dogrusynda pikir alşylýar. Bu bolsa ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň miwelerini anyk duýup bolýar.

Türkmenistan döwletimiziň Özbegistan Respublikasy bilen syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary depgin bilen ösýändigini bellemek bolar. Bu barada iki ýurduň Liderleri geçirilen gepleşikleriň dowamynda hem giňişleýin pikir alyşdylar. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny gorap saklamak, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen medeniýet, ylym, sungat, sport babatda we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ähmiýet berlendigini bellemelidiris. Gepleşikleriň netijeliligine göz ýetirmek üçin diňe gepleşikleriň jemi boýunça gol çekilen resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak hem ýeterlikdir: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllarda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada Maksatnama; «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň şypahana-sagaldyş bejergisi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Buhara inžener-tehnologiýalar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Islam Karimow adyndaky Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Awtomobil ýollaryny taslamak, gurmak we ulanmak boýunça Daşkent institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent döwlet agrar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we meliorasiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmen oba hojalyk instituty bilen Daşkent döwlet agrar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmen oba hojalyk instituty bilen Samarkant oba hojalyk institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet maliýe instituty bilen Daşkent maliýe institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Buhara döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Özbek döwlet dünýä dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty bilen Daşkent binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Resminamalaryň birnäçesi bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli bolup, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär. Bu resminamalar iki döwletiň ýaşlarynyň arasynda bilim, ylym, sport hem innowasiýa boýunça tejribe alyşmak, bilelikdäki medeni-köpçülikleýin çärelerini we sport ýaryşlaryny geçirmek, ylmy barlaglary amala aşyrmak ýaly özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder.

Mähriban GANDYMOWA

“Nesil” gazeti,

26.04.2018ý.

Meňzeş habarlar