GÖK ÝAÝLADA AK BEDEWLER KIŞŇESIN

 Asly nurdan dörän gamyşgulak bedewlerimiziň tarypyny näçe ýazsaň hem bärden gaýdýar. Edermenligiň, wepalylygyň çyn nusgasyna öwrülen bedewlerimiz halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde taryhymyzyň altyn sahypasyna girdi. Onuň ýelden ýüwrük toýnaklarynyň astynda geçilen ýollar uzak menzilleri ýakyn edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen ata-babadan bäri, bedewiň keşbine ruhy güýjüň, bagtyň alamaty hökmünde garaýar» diýip nygtaýşy ýaly, halkymyz dünýäde ýyndamlykda, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň sarpasyny belentde saklap, ony ussat zergärleriň döreden nepis şaý-sepleri we bezegleri bilen besläpdir. Taryhda merdana ata-babalarymyzyň abraý-mertebä eýe bolmagynda bedewlerimiziň orny örän uly bolupdyr.

Ajaýyp bedewlerimiz berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly adyň eýesi Gahryman Arkadagymyzyň ýyndam ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk etmegi halkymyz, aýratyn hem ýaşlarymyz üçin göreldedir. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagyny täze belentliklere çykarmak, atçylyk sportunyň görnüşlerini hem-de milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, arassa ganly tohum atlaryň baş sanyny köpeltmek, olaryň nesil dowamlylygyny saklamak, kämilleşdirmek, ussat çapyksuwarlaryň we atşynaslaryň ýaş neslini kemala getirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär.

Dal bedewlerimiziň eýesine wepadarlygy «Gorkut ata» we «Görogly» şadessanlarymyzda, ýazyjydyr şahyrlarymyzyň eserlerinde hem-de goşgularynda aýdyň beýan edilýär. Ata-babalarymyzyň «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýmegi hem halkymyzyň durmuşynda bedewlerimiziň esasy orun eýeländigini aňladýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gözelligiň we kämilligiň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi ýurdumyzyň täze taryhy eýýamyndaky okgunly ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi.

Toýlarymyza ýaraşyk, aýlawlara gelşik berýän ahalteke bedewlerimiziň baýramyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uludan toýlaýarys. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän ajaýyp baýramçylyk ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenýär. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylymyzda bu baýramçylyk aýratyn öwüşgine eýe boldy. Şatlyk-şowhun içre bellenilýän bu baýramyň Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen «Türkmen bedewiniň milli baýramy» diýlip yglan edilmegi ulus-ilimiziň guwanjyny, aýratyn-da biz — ýaşlaryň toý buýsanjymyzy goşalandyrdy. Bularyň ählisi milli Liderimiziň gadymdan gelýän gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzüne ýaýmakda we at-abraýyny belende götermekde alyp barýan işleriniň miwesidir.

“Nesil” gazeti,

28.04.2018ý.

Meňzeş habarlar