Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri dünýä boýunça ykrar edilýär. Diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan taslamalar, gurulýan desgalar diňe bir il-günümiziň bähbidi üçin bolman, eýsem, dünýä halklaryny hem dost-doganlyga, hoşniýetli gatnaşyklara, ykdysady ösüşlere besleýär. Muňa mysal edip ýakynda ulanylmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny görkezmek bolar. Onuň çäklerinde geçirilen «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap» atly halkara forumy bolsa hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde, ýurdumyzy ulag-logistika merkezine öwürmek babatynda alyp barýan syýasatynyň beýany boldy.
«Täze portuň ulanmaga berilmegi bilen, halkara we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň goşmaça mümkinçilikleri açylýar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, GDA-dan, YHG-dan bolan hyzmatdaşlar bilen onuň dürli ugurlaryny we ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistan taýýardyr» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu düzümleri ulag ulgamy boýunça ýygjam gatnaşyklara çagyrdy.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary derejeli önümçilik üstünlikleri gazanýar. Muny geçen hepdede Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisindäki hasabatlar hem görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Senagat toplumynda bu görkeziji 4,6 göterim, gurluşykda 0,4 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, söwdada 7,8 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüş depgini 4,2 göterim, bölek haryt dolanyşygynyň möçberleri 18,2 göterim ýokarlandy. Sarp ediş harytlaryna, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlara bolan bahalar bellenilen çäklerde saklandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk haklarynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,9 göterim artdy. Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde 583 million manat maýa goýumy özleşdirildi.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz okgunly ösýän ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalaryny gurmaga ünsi çekdi, şeýle-de Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurulýan döwründe ekologik howpsuzlygyň kadalaryny berjaý etmegiň möhümdigini belledi. Bu köpriniň üstünden Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhetýaka awtoýoly ýokary tizlikli multimodal Aşgabat — Türkmenbaşy şossesiniň dowamy hökmünde geçer. Şunuň bilen birlikde telekeçilik ulgamyny höweslendirmek meselelerine hem garaldy.
Döwlet Baştutanymyz «Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dokma toplumyny gurmak hakynda» Karara gol çekip, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň çykarylyşyny ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzda öndürilýän harytlary eksport etmegiň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etmek barada görkezmeleri berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenilen wezipeleri 2014 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň milli strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça milli utgaşdyryjy geňeşiň düzümini tassyklamak hakynda», «Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini tassyklamak hakynda» Kararlara gol çekdi.
Geçen hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň 9-njy mejlisi, şeýle hem paýtagtymyzda ýurdumyzyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrligi hem-de Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän türkmen ykdysadyýetiniň dolandyryş işgärlerini taýýarlamak maksatnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan forum geçirildi.
Geçen hepde sport wakalaryna hem baý boldy. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogyny almak ugrunda geçirilýän toparlaýyn tapgyrda Balkanabatda «Altyn asyr» toparynyň gyrgyzlaryň «Alaý» topary bilen duşuşandygyny bellemek gerek. Onda toparymyz garşydaşyny 5:0 hasaby bilen ýeňip, bäsleşikde öz mümkinçiliklerini berkitdi.
Sagatsaýyn üstünliklere beslenýän ýurdumyzyň her bir ajaýyp wakalarynyň özeninde hormatly Prezidentimiziň ägirt uly tagallalary bardyr.
“Nesil” gazeti,
08.05.2018ý.












