Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary hem-de oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz özüniň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirýändigini äşgär edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan ählumumy halkara meselelerini çözmekde wajyp orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Mähriban Watanymyzyň dünýä ykdysadyýetinde hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagynda nähili ornunyň bardygyna düşünip, biz tutuş sebitde durnuklylygy hem-de parahatçylygy mundan buýana hem berkitmekde ähli başarnyklarymyzy jemleýäris, munuň özi adamzadyň geljekki ösüşleriniň hatyrasyna giň möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiz üçin esasy şert bolup durýar» diýip belleýär.
Bitarap Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüş üçin binýatlaryň döredilmegine gönükdirilen, hususan-da, energiýa serişdeleriniň ygtybarly üstaşyr geçirilmegi, sebit we sebitara ulag üpjünçilik ulgamynyň ösdürilmegi, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri hem-de munuň bilen baglylykda serhetýaka suwlar, köller we deňizler boýunça meseleleri çözmek baradaky teklipleriniň hem-de başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýanyň giň sebitinde we onuň çäklerinden daşarda-da ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berýär.
Ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde abraýyny pugtalandyrýar. Dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berip, milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, ykdysady, durmuş hem-de ekologiýa meseleleriniň çözgüdiniň çäklerindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine hem-de berk ygrarlylyga esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gazanan saldamly üstünlikleriniň beýany bolmak bilen, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Durnukly ösüş hem-de sebitiň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi we berkidilmegi Aral ýakasynda durmuş-ykdysady, ekologiýa we suw hojalyk ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ýardam berer.
Ýeri gelende bellesek, Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça Hereketleriň maksatnamasyna laýyklykda taslamalary işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň esasy maksady — BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak babatda halkara hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarda suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak bolup durýar.
Suw serişdelerini oýlanyşykly we netijeli peýdalanmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak häzirki döwrüň aýratyn ähmiýetli wezipeleri bolup, olara döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Biziň ýurdumyz 2017-nji ýyldan bäri Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ygtyýarly başlygy bolmak bilen Merkezi Aziýada ekologiýanyň hem-de suw serişdeleriniň sebitdäki döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ägirt uly täsirini nazara almak bilen, olary netijeli peýdalanmak babatda uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň iş meýilnamasyny ýöretmek gazanylan ylalaşyklara laýyklykda gaznanyň düzümleriniň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň arasynda işleri utgaşdyrmagyň we maglumatlary alyşmagyň esasynda amala aşyrylýar.
Milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary we iri halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçirýän köp sanly duşuşyklarynyň örän netijeli bolmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy bähbitlere laýyklykda giň möçberli gatnaşyklara ygrarlydygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň mysaly bolup, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, ählumumy ösüş we rowaçlyk üçin şertleri döretmek işine uly goşant goşýan ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyz häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň, sebit we sebitara maksatnamalaryň dünýäniň esasy guramalarynyň we ozaly bilen BMG-niň howandarlygy astynda amala aşyrylmagynyň yzygiderli ýagdaýda işjeň tarapdary bolup çykyş edýär. Häzir Türkmenistan parahatçylygy, rowaçlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak işine uly goşant goşýan döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edildi.
Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.
“Nesil” gazeti,
10.05.2018ý.












