Jelaleddin Rumy
Älemi ýaratmak üçin alty gün ýeterlik bolan bolsa, adamy döretmäge kyrk ýyl sarp edilipdir.
***
Zäher ýylanyň özi üçin ýaşaýyş, adam üçin welin ajal.
***
Täze zat gurmak üçin könäni ýykmaly, dänäni üwemän, nädip nan ýapjak?
***
Bulut aglamasa, ene ýer gülmez.
Bala aglamasa, eneler bilmez.
***
Her kim etjek işin oýlansa owal,
Ahyrda şermende bolmaz hiç mahal.
Alyşir Nowaýy
Rehim-şepagatsyz kişini adam saýmak ýalňyş bolar. Olar jansyz göwre ýalydyr.
***
Kyn işleriň köpüsiniň çözgüdi sabyr-takat arkaly tapylýar.
***
Başarjaň adamy gözden salmak adalatsyzlykdyr, başarnygy ýoga jan çekmek gury azapdyr.
***
Bilmedigini sorap öwrenen-alym,
Soramagy namys eden-özüne zalym.
***
Az-azdan öwrenen adam dana, katra-katradan ýygnanan suw köl bolýar.
***
Sözüniň eýesi däl, agyp-dönüp duran ygrarsyz adamlardan wepaly it ýagşy görülýär.
Abdyrahman Jamy
Hünäre ten beren kişi danadyr,
Baýlyga ten berenler bigänedir.
***
Eger ýalňyz bolsaň, hemdem kitapdyr,
Ylym äleminde nur hem kitapdyr.
***
Miwesiz şahalaň başlary dikdir,
Miweli şahalaň başy egikdir.
***
Ussat mugallymsyz galaýsa zaman,
Nadanlyk derdinden garalar jahan.
***
Horlukdan gutulmaz egrileň başy,
Dogrulykdyr mydam dogryň ýoldaşy.
***
Dogryňy diý, dogryny gör, dogry ýör,
Dogry geple, dogry eşit, dogry tur.