PALAW “Bereketli türkmen saçagy” ikinji kitap.

Türkmen saçagynyň iň bir naýbaşy naharlarynyň biri-de palawdyr. Palaw taýýarlamagyň dürli görnüşleri bolup, olar goýun etinden bişirilen palaw, towukly, balykly, kişmişli we miweli palawlardyr.

Hydyr Derýaýewiň meşhur «Ykbal» romanynda türkmen palawynyň taýýarlanylyşy barada gyzykly gürrüň berilýär. Çünki bu nahary taýýarlamak üçin ony bişirmegiň usulyny bilmekden we möhüm azyk önümlerinden ötri, oňa ýürek yhlasyňy siňdirmek zerurdyr. Onda şeýle gürrüň berilýär:

«...Çerkez işan demir kepgiri bilen çoýun gazanyň gyrasyna daryň-daryň etdirip kakdy. Elbetde, palawyna gyzygyp, keýpi tüýs kök bolan aşpezleriň gazanyň gyrasyna zarňyldadyp kakmagy umumy häsiýetlidir. Emma ol ses ýöne bir ses däl-de, töwerekde garaşyp oturanlara palaw tagamyndan habar berýär, agyzlaryny suwardýar... Buga çişen tüwüler doýan gurçuk ýaly bolşup ýatyrdylar. Her bir
bürünç ýatan ýerinde käşiriň sarymtyl reňki bilen öwüşgin berýär. Çerkez işan özüniň ullakan türkmen çemçesiniň arkasy bilen palawyň her ýerine kakyp gördi. Palaw aşagy bilen sarsyp, güp-güp edip ses berdi, suw-sölden nam-nyşan galmady diýen habary berdi. Palawy agdarmak üçin ullakan kepgirini boýa-boý sokup göterende, sarymsakdyr burçuň, behi, alma, sogan-käşiriň, et-ýagyň ysy gatyşyp, aýratyn ýakymly güýç bilen Çerkez işanyň burnuna urdy...» Türkmenler gadym döwürlerden bäri ökde aşpezler hökmünde şöhratlanypdyrlar.

Öz aýratynlygy, özboluşly tagamy we hoşboý ysy bolan hakyky türkmen palawyny şu gahrymanyňky ýaly edip taýýarlamak üçin ähli zady örän duýgurlyk bilen syzmagy, ýag bilen etiň, soganyň we käşiriň, suwuň we oduň, duz-burçuň gatnaşygyny bilmek, zerur bolan pursatda tüwini agdarmagy başarmak, onuň hakyky palaw bolmagyny gazanmak gerek...

       Gerekli önümler:

1 kg tüwi

1 kg et

1 kg käşir

0,5 kg düýp sogan,

2 bulgur ýag,

1 desse gök ot,

duz, hoşboý ys we tagam beriji zatlar

      Taýýarlanyşy:

Çoýun gazanda ösümlik ýagyny ýakmaly we ol ýagda maýda dogralan sogany gowurmyşlamaly. Sogan gowuja gyzarandan soň, 200–250 g böleklere bölünen eti atmaly, ony tä gyzarýança gowurmaly, soňra inçe dogralan käşiri we duz atyp, gazanyň gapagyny ýapmaly we 10-15 minut buglamaly. Üstüne käşiriň üsti ýapylýança suw guýup, 15–20 minut gazanyň gapagyny ýapman, ýuwaş gaýnatmaly. Soňra saýlanan tüwini üç gezek ýuwup, gazana atyp, üstüni tekizlemeli we üstüne takmynan, 2,5 santimetr suw guýup, güýçli otda suwuny çekýänçä gaýnatmaly. Soňra gazanyň gapagynyň aşagyna arassa ak mata tutup, berk ýapmaly we 20–25 minut demini alar ýaly örän pes otda goýmaly, soň tüwini agdarmaly we ýene 15–20 minut demine goýmaly. Palawy ýalpak tabakda, etini, käşirini ýokarsyna goýup, maýda dogralan gök otlary sepip, saçaga äbermeli. Palawyň ýany bilen gök önümlerden taýýarlanylan işdäaçar aýratyn berilýär.

 

Öňki makala

DANALARDAN DÜRDÄNELER

Indiki makala

BIR ÄDIM ARALYK

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM