Taryhy çeşmeleriň birinde şeýle waka gürrüň berilýär. Bedew atyny özünden hem eý görýän türkmen serkerdeleriniň biri ganym duşman bilen garpyşmak üçin ala meýdana başa-baş söweşe çykypdyr. Bedewiň üstünde aňyrdan howalap gelşine, naýzasyny elinden düşürmän duşmana tagna saljak bolýarmyşyn welin, bir ädim aralyk ýetmän dur diýýär. Türkmen serkerdesi üç gezek dagy bu hüjümini gaýtalapdyr, emma her gezegem bir ädim ýeter-ýetmez aralyk galanda, duşman hyrra yzyna öwrülip, sypara maý tapýan eken. Türkmen yzyna lapykeç dolanypdyr. Mundan öň bu bedewi bilen kowalan awuny tutandygyny göz öňünde aýlapdyr. Bu bärden gaýtmagyň sebäbine teý düşünip bilmändir. Ahyry şol pikirlerine ulaşyp, uka batypdyr. Düýşünde aty oňa adam dilinde: “Hojaýyn, düýn sen maňa bir çuwal iýmlik arpa alaňda, söwdegäre bir dirhem puly kem berdiň. Ana şol bir dirhem hem seni maksadyňa ýetirmän, bir ädim bärde saklaýar. Atyň arpasy halal, ýigidiň alny-arkasy arassa bolanda, alynmaýan sepgit, aşylmaýan menzil galmaz” diýipdir. Düýşünden oýanan dessine, türkmen ol söwdagäre bilmezlikden kem tölän bahasynyň üstüni ýetiripdir we şol gün hem maksadyna ýetipdir. Halal hörek hökman maksada ýetirýär.