Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasydyr.
***
Bedew – ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç.
***
Atçylyk ýöne bir miras bolman, ol ýaşaýşa bolan söýgini müdimileşdiren ebedi sungatdyr.
***
Men ahalteke bedewinde külli adam ykbalynyň küti sahypalaryna giren we onda mäkäm ornaşan bitewüligi görýärin.
***
Ahalteke bedewi biziň üçin açyşdyr hem ýetilen ylym-bilim belentligidir.
***
Türkmen halylary kaşaň köşklere laýyk hasap edilýän bolsa, bedewler hem asylly begzadalaryň göwnüni göterýän ajaýyp dostlarydy.
***
Bedew hemişe gerçegiň iň ýakyn syrdaşy. Şol bitewülik hem olaryň maksadyna tiz ýetilmeginde uly güýçdür.
***
Ahalteke bedewlerinde adamzadyň durmuş tejribesiniň umumylygyny, onuň häzirki döwrüň beýik ösüşlerindäki anyk alamatlaryny duýýaryn.
***
Ahalteke bedewi – eýýamlaryň bedewi.
***
Adamlaryň asyrlaryň dowamynda gazanan ýeňişleriniň ýarany – ahalteke bedewleri.
***
Biziň şöhratly üstünliklerimiziň alamaty – bedewlerimiz!
***
Ata-babadan türkmen perzendiniň zandyna guýlan edep-tälimi hem biziň ahalteke bedewlerine söýgimizde jemlenýär.
***
Ahalteke bedewleri barada asyrlaryň tejribesinde syntgylanan pikirlerde çuň pelsepe bar.
***
Gözellik hem-de sahylyk alamatlary durkuna ornan tebigatyň täsinligindedir. Täsinlik – bedewlerimiz, olar tebigatyň eçilen baýlygy, sungatymyzyň göwheri.
***
Bedew atlar – gerçek gaýratynyň nusgasy. Watançylyk duýgynyň beýikligi, bedew atlar şol beýiklikdäki ýyldyzlar.
***
Gysgaça aýdylanda bolsa, ahalteke bedewleri adamyň gadymyýetden bäri dowam edip gelýän gözleginiň – gözellik gözleginiň netijeleridir.
***
Gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler türkmen gerçeginiň müdimi ýaranydyr.
***
Ata-babalarymyzyň ýaşaýşyň külpetli mahallarynda özüni ýalňyz goýmadyk, endişesini deň çekişen bedewi – mukaddeslik.
***
Mertleriň edermenligini we batyrlygyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däldir.