AT, at. 1. Münmek, çapmak üçin ýa-da iş maly hökmünde ulanylýan ýeke toýnakly öý haýwany, bedew. Görogly beg, saba söweş gurular, Ozal goç ýigidiň aty urular (“Görogly”). At gazanar goç ýigidiň, Owwal bedew aty gerek (Magtymguly).
BEDEW [bedöw], at. At. Bedew jul içinde belli, göwher – kül içinde (Nakyl). Tanalar ol has bedewler, köne ýyrtyk jul biläni (Magtymguly).
Ata çykmak söweşe şaýlanmak, göreş ýoluna düşmek. Ýarag alyp, ata çykyp, aňly bolsa ýer ýoldan, Berimli, pähimli hany gerekdir (Mätäji).
At gaýtarym bakylýan atlar yzyna gaýtarylýan aradaşlyk.
At goýmak (salmak) 1) atly hüjüme geçmek, atly okdurylmak. Bir tanap golaýa gelen mahalynda birden at goýdular (“Görogly”). At salanda doňuz kimin topulyp, Aýylaýyn asylyşy gerekdir (Magtymguly).
AHALTEKE: ahalteke aty (bedewi) dünýäde owadanlygy, ýyndamlygy bilen tapawutlanýan arassa tohumly, sap ganly türkmen aty.
ALAGAÝYŞ [a:lağaýyş], at. uzyn zolak gaýşyň ýüzüne altyn-kümüş, şaý-sep düzülip berkidilen at esbaby. Ýaraşar altyn şaý, alagaýyşy, Bedew bardyr, haýp, juluna degmez (Misgingylyç).
ATBAKAR, at. 1. At idediji, ata seredýän; ýylkyban. Atbakar oglan sesini çykarman, buýrugy berjaý etmäge ýumlukdy (H. Derýaýew).
ATBAŞÇY [atbaşşy], at, däp-dess. Gelin edinilende, gyzy getirmäge gidýän atlylar, öňatly.
ATÇAPAR, at. Çapyksuwar.
ATÇAPYŞYK, at. At ýaryşdyrmak arkaly geçirilýän milli oýun, ýaryş. Biz atçapyşyk meýdanyna ýetenimizde, giden ýaýlada adamlar şowhun edip ýördüler (“Nesil”).
ATÇYLYK, at. Oba hojalygynyň at ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan pudagy.
ATLANMAK, işl. 1. Ata münmek, ata çykmak, ata, ulaga münüp ýola düşmek. Atlanyp meýdan çykaly, Ganyma gyýa bakaly (Magtymguly). Atlanyň, beglerim, serden geçeýliň (“Görogly”).
ATLY, syp. 1. Aty bar bolan. Bedew atly, demir donly Görogly (“Görogly”). Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, Bir tört atly gelip: “Turgul!” diýdiler (Magtymguly). 2. Ata münüp oturan. – Muhat aga, ol atly gitdimikä? – diýip, şol tegelek ýüzli ýigit ýene-de sorady (N. Pomma). Ol gelýän atly kim? 3. At münen nöker. Soňra patyşa galada bar atlyny jemletdi (“Görogly”).
ATLYBAŞY [atlyvaşy], at. Bir topar atlynyň başlygy, atly nökerleriň bir böleginiň öňbaşçysy.
ATŞYNAS [atşyna:s], at. At seýsi, at seýisleýän, at ösdürip ýetişdirmek hünäri bolan adam. Ol atşynas, uly seýis, bu hünärlerini öwrenmek gerek (“Görogly”).
AÝLAW [aýlow], at. 1. At çapyşygy geçirilýän ýörite ýer, meýdan. Aýlawyň gündogar tarapyndaky düzde atlar gezdirilip ýördi (“Nesil”). 2. Belli möçberdäki aýlawly çapyşyk. Atlar iki aýlawy deň geçdiler (“Nesil”).
ÇAPGYRLYK I, at. Örän gowy çapmaklyk, ýüwrüklik, çapaganlyk. Ol bedewiň çapgyrlygy çeniň däldir.
ÇAPMAK I, işl. Aýagaldygyna ylgamak, ýüwürmek, ýortmak; gaty sürmek. Ýabylar gara der bolup çapyp gelýärdiler (“Edebiýat we sungat”).
ÇAPUW, 1. iş ady. Çapmak ýagdaýy. 2. syp. Çapyşyga goşulýan, çapylýan. Seýrek daňlan çapuw atlar öz gazyklarynyň daşyndan aýlanyşýardylar (B. Kerbabaýew).
Çapyşyk 1. Dordepel hem şeýle çapuw bilen ýaş başyndan beýnisi berkişen atlardan biridi (A. Gowşudow).
ÇAPYKSUWARLYK [çapyksuwa:rlyk], at. Çapyksuwaryň käri. Seýisçilik bilen çapyksuwarlyk aty bir kemsiz tanamagy talap edýändir (“Edebiýat we sungat”).
ÇAPYLMAK I, işl. Biri tarapyndan çapmak işi amal edilmek. Bedewleri oýnap durar, Çapylsa, baýragyn alar (“Görogly”).
Çarpaýa galmak 1. Iki art aýagynyň üstüne galyp durmak (at barada). Uçmahy bedewlerimiziň çarpaýa galyp, görenleri aňk edýän tomaşasyny synlap görensiň-ä? (“Türkmenistan”).
DABYRAÝYŞ [da:vyraýyş], iş ady. Dabyramak ýagdaýy. Bedewleriň dabyraýyşlary göwnüňi göterýärdi.
DABYRDAMAK [davyrdamak], işl. Aýaklaryny dabyrdyly seslendirip, gaty çapmak, dabyrt-dabyrt edip, badyny gowşatmazlyk. Beýleki atlardan has öňe saýlanyp, gyr at toýhana dabyrdap geldi.
DABYRDAŞMAK [davyrdaşmak], işl. Birnäçe ýa-da köp bolup dabyrdamak, birden köp bolup gaty çalt çapmak. Atlylar öňki gelişleri ýaly, ýene dabyrdaşyp gitdiler (B. Kerbabaýew).
DABYRDATMAK [davyrdatmak], işl. 1. Aty dabyrdamaga mejbur etmek ýa-da mümkinçilik bermek. Çapyksuwar gamçysyny bulaýlap, atyny dabyrdadyp sürdi.
DERAZ [dera:z], syp. Bili syk, boýy deraz, sagrysy meýdanly bedew (Mätäji).
IRIŞME, at. Esasan, atyň kellekisiniň alkym halkasyna baglanýan zynjyr ýa-da ýüp. Daşarda bedewi ýene bir ýola siňňin gözden geçirdi-de, onuň uýanyny, dogabagyny düzedişdirip, irişmäni ogluna uzatdy (O. Ödäýew).
IRIŞMELEMEK, işl. Atyň kellekisine irişme baglamak. Agylyň gapdalynda ýatan keçäni alyp, onuň üstüne atdy, biline çeki çekdi, irişmeledi (G. Kulyýew).
DOR [do:r], syp. Gyzgylt-mele (atyň reňki hakynda). Dor ata münen Mämik her gezek öwrüm edende, gamçyny bulaýlap, alagykylyk edýärdi (R. Gelenow).
DORDEPEL [do:rdepel], syp. Maňlaýy sakar dor at. Ol ata Dordepel diýýärdiler (A. Gowşudow).
GYR [gy:r], syp. Çalymtyl reňkli. Watan üçin çykdym gyr at üstüne, Tä janym çykynça dönmenem, begler! (Seýdi).