Gözeline bakma, edebine bak.
***
Akyl wezir, köňül patyşa.
***
Söýmek – bu söýýän adamynyň duýgusy bilen ýaşamak diýmekdir.
***
Çakdanaşa güýçli söýgi, ýüz esse güýçli ýigrenç döretýär.
***
Zähmetsöýer adamyň barmagy hazynaly gapa açardyr.
***
Nadanlyk böwedine taý geljek böwet ýokdur.
***
Ýaltanyň öýünde oduny bolmaz, açgöziň öýünde nahary.
***
Ýagşylygy özüň hakda-da, başgalar hakda-da oýlanman adaty zat hökmünde edýän bolsaň, bir gysym dänäň müň put çörek bolup öwrülip geler.
***
Bir ýaramaz iş edip, ony adamlaryň bilerinden howatyr edýän adamyň dogry ýola düşmegi mümkin.
***
Adam adama myhman, ten göwrä.
***
Abraýy tapyp bolmaz, biabraýlyk duran ýeriňde.
***
Garyp arjaň bolar, hassa – gaharjaň.
***
Aç daşary çykar, ýalaňaç içeri girer.
***
Guýyny gazar bir kişi, suwuny içer müň kişi.
***
Ýylanyň dodaklary ýumşak, dişleri welin awuly.
***
Guş ganatsyz uçup bilmez, guýruksyz gonup.