Ata-babalarymyz myhman garşylamagy häsiýetine siňdiripdir. Şeýle bolansoň her gün nahar bişirende, «myhman paýyny» goşupdyrlar. Türkmenler sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. «Myhman – Ýaradanyň iberen adamy» diýlip hasap edilipdir. Şonuň üçin biziň ilde dil biten çagadan başlap, bakyýet ýoluna taýýarlanýan gojalara çenli hemmeler: «Myhman – ataňdan uly» diýen nakyla eýerýär. Şeýle-de myhmançylyk bilen bagly birnäçe yrymlara ynanýarlar. Olardan käbirlerini size ýetirmekligi müwessa bildik:
—Myhmana tagamy üç gezekden artyk hödür etmeli däl. Birinji gezek – Hudaýyň haky üçin, ikinji gezek – myhmanyň haky üçin, üçünji gezek – özüň (öý eýesi) üçin hödür etmeli.
—Myhman gelende öňünden duz-çörek bilen çyksaň, mertebäň artarmyş.
—Çörek almak üçin saçaga iki adam birden el uzatsa, myhman gelermiş.
—Myhman bilen iýip-içip otyrkaň, ol doýýança, nahardan çekilmeli däl. Eger myhmandan öň nahardan çekilseň, edepsizlik hasaplanylýar.
—Hamyr syçrasa, öýe myhman gelermiş.
—Saçagyň üstünde çörek jübüt-jübütden goýulýar. Täze myhman gelende çörek täzelenilýär.
—Ýaş çaga ommalyp, iki aýagynyň arasyndan yzyna garasa, myhman gelermiş.
—Ýaş çaga eline sübse alyp, içerini syran bolup ýörse, myhman geler.
—Burnuň ujy gijese, myhmançylykda bolarsyň.
—Gaşyň gijese, myhman gelýär, duşuşyk bolýar.
—Dynç güni asgyrsaň, myhmançylyga gitjeksiň.
—Ýaşgüni asgyrsaň, myhman geljekligi.
—Düýşüňde çörek görseň – adamynyň ýüzi, myhman geler, köne tanyşlaryňy görersiň
—Horaz bosaga gelip gygyrsa, myhman gelermiş.
—Garga gagyldasa, myhman geler ýa-da habar geler.
—Düşdüş sallananda, ak düşdüş bolsa, garyndaşyň, gara düşdüş bolsa, dost-ýarlaryň myhmançylyga geljekdir
—Pişik nirä bakyp ýuwunsa, şol tarapdan myhman geler.
—Egniň çekse, görüşjeksiň, biri geler ýa-da sen myhmançylyga gidersiň.
—Çaýyňda boýçy görünse, «myhman gelýär» diýlip, çak edilýär. Bir boýçy bolsa, bir myhman, iki bolsa iki myhman geler. Eger boýçy ýumşak bolsa, aýal maşgala, gaty bolsa, erkek adamdyr.
—Hamyr edip otyrkaň, hamyryň syçrasa, şol gün myhman gelermiş.
—Saç daranyňda, daragyň eliňden gaçsa, öýüňe myhman geler
—Öýden myhman ugrasa ýa-da öýdäkileriň biri bir ýere ugrasa, onda onuň yzyndan öý süpürmeklik gowy görülmeýär.