Öý ýaraşygy – çaga, supra ýaraşygy – myhman.
* * *
Myhmany erkine goýdugyň, oňa sylag etdigiň.
* * *
Myhmanyň gelmegi özünden, gitmegi öý eýesinden.
* * *
Myhmanyň itine-de «Tur!» diýme.
* * *
Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý.
* * *
Myhman az otursa-da, köp synlar.
* * *
Myhman birinji gün – gyzyl, ikinji gün – kümüş, üçünji gün – mis.
* * *
Myhman geler işikden, rysky geler deşikden.
* * *
Myhman islänini iýmez, bolanyny iýer.
* * *
Myhmana söwüş soýmak ärlikden däl, barlykdan.
* * *
Myhmana ýyly çörek bilen garpyz berme, sowuk çörek bilen sogan.
* * *
Akmak myhman öý eýesine hödür eder.
* * *
Bir zuwala aş bişirdim, myhmany atdan düşürdim.
* * *
Çagyrylan myhman – gadyrdan.
* * *
Çagyrylmadyk myhman süpürilmedik ýerde oturar.
* * *
Gelende myhman ýagşy, gidende – bagşy.
* * *
Gelmek – myhmandan, ugratmak – öý eýesinden.
* * *
Köp ýatan myhman özüni ýigrendirer.
* * *
Myhman – öý eýesiniň guly.
* * *
Myhman doýmadym diýmez, soýmadyň diýer.
* * *
Tabagynda aş eýle, myhman göwnün hoş eýle.
* * *
Üýregen it öýüňe myhman getirer.
* * *
Söz ýakmaz degirmen gurar, myhman söýmez oglanyny urar.
* * *
Atyň ýaman bolsa armanyň gider,
Aýalyň ýaman bolsa – myhmanyň.
* * *
Tagam lezzeti – myhman hezzeti.