Bir adam çarwanyňkyda myhmançylyga düşläpdir. Çarwalar bu myhmany uly hormat bilen garşylapdyrlar. Atdan düşende, aýagyny ýere degirmän, ýumşak körpençäniň üstünde oturdypdyrlar. Ellerine mylaýym suw akydyp, göwün küýsän zadyny getirip beripdirler. Myhman bu ýerde birnäçe gün bolandan soňra, öýüne dolanmakçy bolupdyr. Ýöne gelende güler ýüz beren adamlaryň hiç biri muňa goşuny daňyşmaga, atyna ýükleşmäge kömege gelmändir. Gaýta gyrada bir zatdan öýkeli ýaly bolup, kese bakyşyp otyrmyşynlar. Myhman olaryň bu bolşuna geň galypdyr, özüni müýnli duýup, bu sowuklygyň sebäbini sorapdyr. Çarwalar: “Kim bize myhman bolsa, biz ony uly şatlyk, buýsanç bilen garşy alýarys. Bu biz üçin mertebe. Biz gidýänlere däl-de, gelýänlere we bu ýerde bolýanlara güler ýüz bilen bakýarys. Gidýäne gülüp bakmak, onuň gitmegine begenmek ýaly bir zatdyr” diýipdirler.