Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz.
* * *
Towşana dogduk depe
* * *
Atany söýen, Watany söýer.
* * *
Geýmäge keten ýagşy, ölmäge – Watan.
* * *
Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol.
* * *
Ýagşy ýaryň gadyry bolmaz, bir ýamana duşmaýançaň,
Öz ýurduň gadyry bolmaz, özge ýurda aşmaýançaň.
* * *
Watan gedaýy – kepen gedaýy.
* * *
Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy.
* * *
Ýeri ýokda, Watan ýok.
* * *
Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn
* * *
Her kim öz ýurdunda handyr-soltandyr.
* * *
Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan – ölünçä.