Milli Liderimiz zähmet rugsadyndadygyna garamazdan, ony döwlet işleri bilen utgaşdyrýar. Dynç alyş günlerinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyny dowam etmek bilen meşgullandy. Döwlet Baştutanymyz döredijilik işinde dürli ylmy çeşmelere, ilkinji nobatda bolsa, biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy maglumatlara, dokumental işlere, milli medeniýetimize, Watanymyzyň tebigatynyň aýratynlyklaryna esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganow bilen bolan duşuşygynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli gaýtadan işlenen nebit önümlerini çykarmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen duşuşygy geçirildi. Şonuň dowamynda häzirki ýagdaýlary we geljekki ugurlary nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan umumy gyzyklanmalar beýan edildi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça şertnamany uzaltmak hakyndaky goşmaça ylalaşyga gol çekildi.
«Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk» atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan maslahat geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hukukçylar, kazyýet önümçiligi boýunça hünärmenler kazyýetleriň işi beýan edilende, žurnalistleriň hünär medeniýetini saklamak babatda dünýäniň oňyn tejribeleri bilen tanyşdylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek başlandy. Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 10 müňe golaý talyp kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde «Aziýanyň ýaňy» ady bilen XI halkara sirk sungatynyň festiwaly geçirildi. Şonda türkmen türgeni L.Ýusubowa kümüş medala we «Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we hünär taýýarlygy» baýragyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy Ukrainanyň Milli sirkiniň ýörite kubogyna hem mynasyp boldy. Türkmen sirkiniň nobatdaky üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamyna berýän ägirt uly ünsi netijesinde, bu ugruň täze ösüşe eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgeleri, adamlarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan höwesiň artmagy saglygyňy berkitmek bilen bir hatarda, belent ruhy hem kemala getirýär. Milletiň beden we ruhy taýdan saglygy, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi baradaky alada Watanymyzyň nurana geljeginiň özenidir.
“Nesil” gazeti,
17.07.2018ý.












