Täze kärhana nebitgaz senagatynyň eksport kuwwatyny artdyrar

 21-nji iýulda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtügini öndürýän täze kärhana açyldy. Bu kärhananyň taslamasy Indoneziýa Respublikasynyň «P.T.ISTANA Karang Laut» kompaniýasybilen bilelikde amala aşyryldy.

Bu ulgamda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginini çaltlandyrmaga, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmaga we pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşleriniň öndürilişini artdyrmaga ýardam eder. Umuman, bularyň ählisi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we rowaçlygynyň pugtalandyrylmagyna, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder.

Senagatda, gurluşykda, ulagda, oba hojalygynda hem-de durmuşda ulanylýan harytlary öndürmekde giňden peýdalanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşlerini işläp taýýarlamagyň esasy bölegi bolan polimerleri öndürmek boýunça iri önümçilikleriň döredilmegi nebitgaz pudagyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň içinde hem-de daşary döwletlerde isleg bildirilýän dürli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän innowasion tehnologiýalarynyň esasynda täze önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns bermegi netijesinde, häzir pudagyň kärhanalaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrmagyň wezipeleri üstünlikli çözülýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen toplumynyň gurulmagy ýurdumyzyň nebit we gazhimiýa pudagynyň ösdürilmeginde ilkinji ädim boldy. Millisekunt katalitik kreking (MSCC) desgasyndan gelip gowuşýan suwuklandyrylan gaz onuň üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Ol häzirki wagtda granulirlenen propilen kenarýaka nebithimiýaçylary tarapyndan çykarylýan önümleriň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu önümi Russiýa, Ýaponiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan, alysdaky we golaýdaky beýleki ýurtlar satyn alýar. Eksport ugurly harydyň esasy bölegi sarp edijilere deňiz ulagy arkaly ugradylýar. Şu maksatlar bilen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunda polipropileni saklamak we ugratmak üçin ýöriteleşdirilen terminal guruldy.

Aýratyn hem bütin dünýäde polimer önümlerine islegleriň artýandygyny nazara almak bilen tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça senagat kärhanalarynyň döredilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde hil taýdan täze mümkinçilikler açylýar. Şu ýyl Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Desgada ornaşdyrylan tehnologiki ulgamyň ýyllyk kuwwaty biaksial-ugurly polipropilen örtüginiň (BOPP) 21 müň tonnasyna barabardyr. Täze kärhanada inžener-tehniki işgärleriň, esasy we hyzmat edýän işgärleriň 89-sy işlär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa önümleriniň möçberiniň we görnüşiniň artdyrylmagy ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge hyzmat eder.

“Nesil” gazeti,

24.07.2018ý.

Meňzeş habarlar