Döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri

25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda içeri we daşary syýasatyň ilkinji nobatdaky wezipeleri, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, şeýle hem ata Watanymyzy has-da ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli we pudaklaýyn maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek babatda DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtyň ýagdaýlaryny nazara almak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Soňra welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri, Obasenagat toplumyny hem-de welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Bu ulgamda önümçilik gatnaşyklarynyň täze görnüşlerini, suwarymly meýdanlary netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, ýerleriň önümliligini we oba hojalyk ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak üçin anyk çäreleri görmek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamak, maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportuny artdyrmak işiň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ähli edaralaryň we kärhanalaryň maliýe işini netijeli dolandyrmagyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu işiň geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasy ykdysady maksadalaýyklygyň hem-de ýurdumyzyň uzakmöhletleýin bähbitleriniň nukdaýnazaryndan ähli çözgütleriň kabul edilmegini göz öňünde tutýandygyny belledi. Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini çekmek bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasaty sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy halkara ulag geçelgeleriniň gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi ykdysady kuwwatyň pugtalandyrylmagyna uly goşant boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz ýerlerde düzgün-tertibi, ýangyn howpsuzlygyny hem-de ýol-ulag hereketiniň sazlaşyklylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, ähli ulgamlarda kanunçylygy berjaý etmek hem-de şunuň bilen baglylykda, ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary diňledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmagyň möhümdigini belläp, dünýäniň ähli künjeklerinden ýurdumyza gelýän myhmanlara döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlary ýerine ýetirmek barada görkezme berdi. Milli Liderimiz gümrük gullugynyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belläp, ýerlerde gözegçilik-geçiriş bölümleriň ygtyýarynda bolan döwrebap enjamlary netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň netijelerini jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

28.07.2018ý.

Meňzeş habarlar