Ösüşiň geljegini nazarlap

 31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz öňde duran oba hojalyk möwsümleriniň — pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny belledi. Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren iň häzirki zaman tehnikalarynyň ýüzlerçesini özünde jemleýän pudagyň tehniki toplumynyň doly kuwwatynda işledilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz türkmen halyçylygynyň gadymdan gelýän däplerini aýawly saklamagyň, häzirki zaman ykdysadyýetiniň esasynda olary ösdürmegiň, ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda ägirt uly islegden peýdalanýan ýokary çeper önümleriň öndürilişini artdyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistanda her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen halkara sergiler hem-de daşary ýurtlarda guralýan milli sergiler bu ulgamda gazanylýan üstünlikleri aýdyň görkezýär. Şol çäreler bolsa türkmen halkynyň milli gymmatlygyny giňden wagyz etmäge, bu ulgamda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň, öňdebaryjy tehnologiki täzelikleri hem-de hojalygy ýöretmegiň kämil usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Amul — Hazar 2018» halkara rallisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselä degip geçmek bilen, bu çäräniň geçirilmeginiň sportuň şu görnüşini giňden ýaýmaga hem-de iri ýaryşlary ýokary derejede guramaga ukyply ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilenem gyzyklandy.

Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Eýrandan we Russiýa Federasiýasyndan mekdep okuwçylarynyň toparlary sportuň alty görnüşi — kiçi futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we guşakly göreş boýunça bäsleşerler.

Şeýle hem bu sport festiwalynyň çäklerinde zehinli çagalaryň «Awaza — dostluk mekany» atly VI halkara festiwaly geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz okuwçylaryň bu medeni-sport forumynyň esasy maksadynyň ösüp barýan nesliň üsti bilen Hazarýaka döwletleriň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we ynanyşmagy berkitmekden, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmekden, beden we ruhy taýdan sagdyn çagalary kemala getirmekden hem-de olaryň ukyplaryny açmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmekden ybaratdygyny belledi.

Milli Liderimiz bu wakanyň festiwala gatnaşyjylaryň hakydasynda hemişelik galmagy we Türkmenistanyň sport hem-de syýahatçylyk, ynsanperwer gatnaşyklary, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň innowasion ösüşine hem-de gülläp ösýän geljegine gönükdirilen ýaşlar syýasaty babatda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge nobatdaky ähmiýetli goşandy bolmagy üçin onuň çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip hem-de olary berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, Türkmenistanyň bu gaznada başlyklyk etmek bilen onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýändigini belledi. Bu gazna Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm sebit düzümi bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine geçip, ýurdumyzyň 2019-njy ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmegi kabul etmek bilen, GDA-nyň giňişliginde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Bu bilelikdäki geçirilen mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, ýygnananlara möhüm hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüşi arzuw etdi.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

02.08.2018ý.

Meňzeş habarlar