Ösüşleriň binýady

 3-nji awgustda döwlet Baştutanymyzyň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýedi aýyň içinde alnyp barlan işleriň jemi jemlendi. Şu ýylyň geçen ýedi aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň döredijilikli esasyny, türkmenistanlylaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyrdy.

Hasabat boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Senagat pudagynda ösüş depgini 4,5 göterim, şol sanda gurluşykda 0,5 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,9 göterim, söwdada 7,4 göterim, oba hojalygynda 3,8 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,5 göterim ösüş gazanyldy.

Umuman, önüm öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,4 göterim, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 19,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly maliýeleşdirildi. Iri senagat desgalarynyň we maldarçylyk toplumlarynyň 30-dan gowragy işe girizildi.

 Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetde oňyn görkezijileriň gazanylandygyny belläp, birnäçe möhüm wezipeleriň çözgüdine ünsi çekdi, aýratyn-da, hususylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň täze usullaryny ornaşdyrmak we sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmek ýaly işleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Aşgabady abadanlaşdyrmak, şäheriň durmuşyny üpjün etmegiň ösen ulgamyny döretmek, aşgabatlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerine üns bermek bilen, milli Liderimiz ýollary, seýilgähleri we seýilbaglary talaba laýyk saklamagyň hem-de jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň göwnejaý guralmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Bilim ulgamynda okuw we usulyýet ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak işlerini güýçlendirmek hem-de özgertmeleri batly depginler bilen amala aşyrmak üçin çäreleri görmek zerur bolup durýar.

Demir ýollary we awtomobil ýollaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň kärhanalaryny özgertmek ulag ulgamynyň esasy wezipeleriniň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň parlamentiniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça yzygiderli işlemeginiň wajypdygyna, Halk maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek meselesine üns çekildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz harby ulgamda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň esasy meselelerine ünsi çekip, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işi güýçlendirmegi, harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmegi hem-de maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabrynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli geçiriljek çäreler, şeýle hem «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Bu sport festiwalynyň çäklerinde zehinli çagalaryň «Awaza — dostluk mekany» atly VI halkara festiwal hem geçiriler. Milli Liderimiz 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygy barada aýdyp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Hazar deňzi boýunça wajyp meseleleriň köpüsini çözmegiň mümkin bolandygyny belledi.

24-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi göz öňünde tutulýan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna taýýarlyk görlüşi baradaky meseleleriň üstünde durup geçdi.

28-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine geçip, milli Liderimiz 2019-njy ýylda ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklygy kabul etjekdigini hem-de GDA-nyň giňişliginde umumy bähbitlere kybap gelýän netijeli köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam berjekdigini nygtady.

29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagy üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerini tassyklamak hakynda» Karara, şeýle hem halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda» Karara gol çekdi.

Milli Liderimiziň ýene-de bir Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky medeniýet we sungat boýunça döwlet toparynyň hem-de bilermenler geňeşiniň düzümleri tassyklanyldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününi dabaraly bellemek bellenildi.

Watanymyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» maksatnamasynyň çäklerinde halkara awtorallä, agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna, beýleki syýasy we jemgyýetçilik çärelerine işjeň taýýarlyk görülýär.

Mahlasy, geçen ýedi aýyň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanan netijeli daşary hem-de içeri syýasatynyň halkymyzyň abadançylygynyň we Watanymyzyň gülläp ösüşiň bähbidine üstünlikli hem-de depginli dowam edýändigine ynamly şaýatlyk edýär.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

07.08.2018ý.

Meňzeş habarlar