7-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Milli parlamentiň başlygy döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täze kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we many-mazmunyny ilata düşündirmek hem-de Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alyp barýan işleri barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, wezipeleri çözmekde işleri yzygiderli alyp barmagyň, kanunçykaryjylyk işinde oňyn halkara tejribesini ulanmagyň möhümdigini belläp, Halk maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, ähli guramaçylyk meseleleriniň, gün tertibiniň hem-de umumymilli maslahatyň wekilleriniň dykgatyna hödürleniljek resminamalaryň üstünde düýpli işlemegi nygtady. Öňümizdäki forumyň ata-babalarymyzyň ýurdy dolandyrmak babatda toplan baý taryhy tejribesini we milli aýratynlyklary nazara almak bilen, ilatyň ähli gatlaklaryny döwlet ähmiýetli giň möçberli işe çekmek maksadynda geçirilmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda alyp barýan işi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyny we giňeltjekdigini belledi. Milli Liderimiz şeýle hem halkara ähmiýetli möhüm çärelere taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowyň hasabaty gözegçilik edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada boldy. Ýurt Baştutanymyz hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda okgunly ösüş depginini saklamak, ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak barada aýtmak bilen milli Liderimiz döwlet we pudak maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamagy talap edip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow tabşyryklara laýyklykda, bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek hem-de ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ugurlarda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine meýletinçileri çekmek, lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz wise-premýere beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek, türkmen alymlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine saldamly goşandyny üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri bermek bilen, durmuş ulgamynyň pudaklarynyň ösdürilmeginiň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň netijeli guralydygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz awtorallä taýýarlyk görmek meseleleri babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa öz hasabatynda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylyň çäklerinde guralýan çäreleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi mynasybetli geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi. Şolaryň ählisi türgenlerimizi we myhmanlarymyzy ruhlandyrmaga hem-de sport çäresini hakyky baýramçylyga öwürmäge gönükdirilendir. Sözüniň dowamynda wise-premýer ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we neşirýat işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki baýramçylyk çärelerini we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşandyny hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilen beýleki medeni çäreleri geçirmek meselesi barada durup geçip, wise-premýere olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew öz hasabatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda pagta ýygymyna hem-de güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz meýilleşdirilen oba hojalyk işlerini ýokary hilli geçirmek, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilişini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berip, pagta ýygymynda hem-de bugdaý ekişinde zerur bolan tehniki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýerlere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri I.Mulikow «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde öňümizdäki ýaryşlary ýokary derejede guramagyň çäklerinde geçirilen çäreler, şol sanda guramaçylyk we iş komitetleriniň mejlisleri, dürli ýurtlarda geçirilen tanyşdyryş çäreleri, ýaryşlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi. Häzirki wagtda ýörite internet-saýty hereket edýär. Onuň sahypalarynda ralli baradaky ähli maglumatlar ýerleşdirilýär, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän türgenler bellige alynýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýaryşa gatnaşyjylar üçin niýetlenen sport lybaslarynyň nusgalaryny hödürlendi. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna wekilçilik etjek sürüjileri, şturmanlary we tehniki işgärleri okatmak üçin ýörite okuwlar guraldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda geçirilýän «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran taryhy ýoluň häzirki döwürde gaýtadan dikeldilmegine mynasyp goşant boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki ýaryşlary guramak boýunça işleriň degişli meseleleri çözmek bilen utgaşyklykda amala aşyrylmalydygyny belläp, Içeri işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, ýygnananlara ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan möhüm hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
09.08.2018ý.












