ARZUW WE ADAM

Ýaş, ter, nur saçyp duran Arzuw adamyň ýanyna gelipdir-de, haýyş bilen ýüzlenipdir:

— Meni durmuşa geçirsene, hasyl etsene!

— Entek wagty gelenok. Men beýle Arzuw üçin juda ýaş — diýip, adam jogap gaýtarypdyr.

Esli wagt geçenden soňra Arzuw ýene-de oňa ýüz tutupdyr:

— Indi sen uly adam, meni amala aşyrsana, haýyş edýän!

Adam başyny ýaýkapdyr-da:

— Şindi ir, ilki bir ymykly aýaga galyp, özüňi tutmak gerek — diýip jogap beripdir.

Wagt geçip, adam ymykly özüni tutanyndan soň, Arzuw ony ýene gyssapdyr:

— Ýeri, wagty geldimi?

— Ýok, entek laýyk wagty gelenok, çagalary aýaga galdyrmak gerek öňünçä, soňra görübereris — diýip, adam ýene soňa goýupdyr.

— Belki, indi wagty gelendir? — diýip, Arzuw onuň körpe gyzynyň durmuş toýunda sorapdyr.

— Ýok, ýok, ýok, heniz ir, derdim başymdan agdyk, çagalar, agtyklar... soňa goýaýaly-la şu gürrüňi — diýip, adam ýene garşy çykypdyr.

— Ýeri, bolýar-da, soň bolsa, soň eken-dä — diýip, Arzuw uludan dem alypdyr. Ine, bir gün ýaňky adam pensiýa çykypdyr, şonda onuň ýadyna şol Arzuw düşüpdir.

— Eý, Arzuw, niredesiň? Ine, indi wagty geldi seni wysal eýlemegiň, gel hany!

Reňki öçüşip, lagşap, sandan galan, garrap giden Arzuw zoraýakdan dillenipdir:

— Indi giç, indi giç!

Orazmyrat MYRADOW,

“Nesil” gazeti,

10.09.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR