SENDEN SOŇKULARA ÝAGŞY AT GALSYN

«Ýag­şy» hem «ýa­man» bir-bi­ri­ne gönüden-göni gapma-garşy dü­şün­je­ler. Adat­ça, bu hä­si­ýet­ler bir adam­da jem­le­nip bil­me­ýär. Ýag­şy gy­lyk kä­mil ah­lak­ly yn­san­lar­da, ýa­man hä­si­ýet bol­sa, ah­la­gy pes adam­lar­da ga­bat gel­ýär. Dog­ry, il için­de «Ajy­sy bolma­dy­gyň, süý­jü­si bol­maz» diý­len pä­him hem bar. Ýö­ne bu ýer­de ah­la­gyň we ka­nu­nyň çä­gin­dä­ki ada­lat­ly çä­re­ler we tem­mi­ler bara­da gür­rüň gid­ýär. Si­ze hö­dür­len­ýän gys­ga­jyk sel­jer­me­de yn­san gylyk-häsiýetleriniň ýag­şy we ýa­man ta­rap­la­ry ba­ra­da söh­bet aç­mak­çy bol­ýa­rys.

Ýol­da­şy­nyň iki­ýüz­lü­li­gi­ne şa­ýat bo­lan Mer­gen ýag­şy­lyk we ýaman­lyk ba­ra­da düýp­li dü­şün­je al­mak, göz­ýe­ti­mi­ni we dün­ýä­garaý­şy­ny gi­ňelt­mek üçin, ata­sy­nyň ýa­ny­na mas­la­ha­ta gel­ýär. Ýaşla­ryň bu gür­rüň­deş­lik­den öz­le­ri üçin de­ger­li dur­muş sa­pak­la­ry­ny alyp bil­mek­le­ri müm­kin.

SOWAL: — Ata, ilçilikde ýagşy ahlakly adamlar kän, ýöne «Süri agsaksyz bolmaz» diýişleri ýaly, birde-ýarymda ýaramaz häsiýetli adamlar hem gabat geläýýär. Ata, ýaramaz terbiýäniň öňüni nädip almaly?

Jogap: — Og­lum, adam ýaramaz bolup dünýä inmeýär. Çaga erbet gylyk-häsiýeti başda ata-enesinden, galyberse-de, töwerek-daşyndan öwrenýär. Umuman, pes gylykly adamlar terbiýäniň gowşadylmagynyň netijesinde kemala gelýär. Şeýle ýagdaýda jemgyýet bu çagalara wagtynda kömege ýetişende işleri kadalaşýar. Terbiýeçilik işi köpugurly hem çylşyrymly mesele. Jemgyýet tarapyndan bu ugurdaky işleriň yzygiderli alnyp gidilmegi, döwrebap kämilleşdirilip durulmagy, dowamly gözegçilikde saklanylmagy hem-de her bir terbiýeçilik işindäki säwlikden ugurtapyjylyk bilen çykalga gözlenmegi öz netijesini berer. Durmuşda ahlagy pes ata-enelere oňyn täsir edip biläýjek toplumlaýyn çäreleri meýilnamalaýyn esasda degişli döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gurap bolýar.

SOWAL: — Ata, dost saýlamakda, esasan, nämeden ugur almaly?

Jogap: — Ba­lam, tir­keş­ýän adamlaryňa hökman parh goýmaly. Atalar pähiminde: «Ýigidi dostundan tana» diýilýändir. Dostlaryň abraýly maşgaladan bolsun, ahlagyň we kanunyň talaplaryna hormat goýýan hem-de olary gyşarnyksyz berjaý edýän adamlardan bolsun. Onsoňam bilgin, dost tutulanda şahsy bähbide çapylýan däldir. Ež­dat­la­ry­myz: «Çyn dost bähbit gözlemez» diýendirler. Ýene-de, dost gatnaşyklarynyň dowamly bolmagyny isleýän bolsaň, dostuň owunjak häsiýetli pes taraplaryny görmezlige çalyşgyn, onuň ýol berýän säwliklerinem bagyşlamagy başargyn. Sen artyk hem geçirimli bol! Seniň paýhasly hereketleriň dostuň üçin görelde mekdebi bolar, ony ýagşy işlere imrindirer.

SOWAL: — Ata, jemgyýetçilik terbiýesi hakynda hem giňden durup geçäýseňiz?!

Jogap: — Kö­şe­gim, bil­şimiz ýaly, döwletde terbiýeçilik işini gönüden-göni alyp barýan ýörite edaralar bar. Aslynda, döwletiň ähli edara-kärhana guramalary bu meselede jemgyýete ýardam berýärler. Ata-eneden soň terbiýeçilik işini amala aşyrmakda agram, esasan, dürli derejedäki mekdepleriň, mekdebe çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň — mugallymlaryň we terbiýeçileriň paýyna düşýär. Bu edaralarda terbiýeçilik işi ýagşy edep-terbiýäni ündeýän, ýörite taýýarlanylan maksatnamalara we meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar hem-de döwletiň dowamly gözegçiliginde saklanylýar. Onsoňam ýaşuly nesilleriň terbiýeçilik wagyz-ündewleri, sargytlary, pentleri jemgyýetde ýagşy edebi ýaýmakda görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Türkmen jemgyýetinde terbiýeçilik işleri şeýle ýol bilen utgaşykly hem sazlaşykly amala aşyrylýar.

SOWAL: — Ata, ýagşy gylyk-häsiýet nähili ýüze çykýar?

Jogap: — Mer­gen jan, hakyky ynsan ýakynlaryna, il-gününe diňe ýagşylyk edýändir. Ýagşy gylyk-häsiýeti kesgitlemek üçin, şu aýdanymyz esasy ölçeg bolup durýar. Ýagşylyk etmegiň esasy ýörelgelerem şulardan ybarat: ýagşylykdan şahsy bähbit gözlemezlik, ýagny soň maňa ýa-da ýakynlaryma gaýtarar diýip tamakin bolmazlyk, ýagşylygy sogap üçin etmeklik, diliňe almazlyk, ýagny öwünmezlik. Ata-babalarymyz hatda ýamanlyk edenlere-de ýagşylyk bilen jogap gaýtarmaklygy ündäpdirler. Şoňa görä-de, danalarymyz: «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýendirler.

SOWAL: — Ata, ýaman adamyny häsiýetlendirýän esasy sypatlar nämedir?

Jogap: — Og­lum, ýa­man ynsan ile bolmasyn diýýän, hemmä göriplikdir bahyllyk edýän adam-da. Bilip goýgun, ile ýamanlyk edip gönenen kişini tapmarsyň. Şu pisint adamlaryň jemgyýetde abraýy pesdir. Jemgyýetiň jebisligini gowşadýanam erbet häsiýetli adamlardyr. Magtymguly atamyz ýaramaz gylykly adamlary şeýle häsiýetlendiripdir: «Bir ýagmazak bulda meňzär howada, her kişiniň hümmet, haýry bolmasa». Akyldar başga bir goşgusynda: «Ýaman gylyk dosty duşman kyladyr» diýýär.

Jemläp aýdanymyzda, Magtymguly akyldar: «Ýagşylykda ile özün tanadan //Alkyş alyp, derejesi zor bolar» diýendir. Her bir adam, ilkinji nobatda, ýagşylyga ýaran bolmagy başarmaly. Bu ugurda, ol yhlasyny gaýgyrmaly däl. Ýagşy işleri ýola goýmak we dogry ýaşamak üçin, agzalyp geçilen talap ynsana edil howa ýaly zerurdyr.

Türkmen ýaşlary diňe ýagşy zatlary öz durmuş ýörelgelerine öwürmelidirler:

jemgyýete ýagşylyk etmek, peýda getirmek ynsan ýaşaýşynyň baş wezipesi bolmaly;

durmuşda diňe ýagşy zatlary arzuw edip ýaşamaly; durmuşda bolup geçýän wakalary diňe ýagşylyga, bähbide ýormaly;

ýagşy adam üçin abraý-mertebe ähli gymmatlyklardan ýokardadyr;

paýhasly ynsan biedebiň ýalňyşlyklaryny öz ömür ýolunda gaýtalamaz;

ýagşylyk edýän ynsan jemgyýet üçin görelde mekdebidir.

Mähriban ýaşlar, hormatly Prezidentimiziň türkmen jemgyýetini özgertmeklige gönükdirilen il bähbitli we ýurt ähmiýetli başlangyçlaryna buýsanyp, bizem öz gezegimizde ýagşy-arzuw hyýallara ýaran we peýdaly işlere şärik bolmaga çalşalyň!

Taganmyrat GOÇYÝEW,

hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.

“Nesil” gazeti,

12.09.2020ý.

Öňki makala

ARZUW WE ADAM

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR