Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegine giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, täze döwürden ruhlanyp döretmäge uly mümkinçilikler bar. Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary özleriniň tejribesini talyplaryna geçirip, olaryň hünärine bolan höwesini artdyrýarlar.
.jpg)
Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde her ýylda bolşy ýaly bu ýyl hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygynyň taryhy üstünlikleri» atly gujurly ýaşlaryň bäsleşik sergisiniň dabaraly ýagdaýda açylmagyna garaşylýar. Bu sergide şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredilen ajaýyp eserleri ýaşlaryň zehinini açyp görkezer.
Talyplaryň döredijilik gözlegleriniň şeýle sergilerde görkezilmegi, olaryň bir ýylyň dowamynda çeken zähmetine ýokary baha berilmegi, ýaşlaryň döredijilikleriniň has-da baýlaşmagyna täsir edýär we olara berilýän hünär derejesiniň ýokarydygyny subut edýär. Döredijilik sergide baý mazmunly eserleriň jemlenmegi, türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmeginde we döwrebap derejede kämilleşmeginde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň öz miwesini berýändigini aýdyň görkezýär.
Sungaty söýýänleri, döredijilige ymtylýanlary hem-de ýaş zehinleri goldaýanlaryň ählisini bu täsirli sergimiziň dabaraly açylyş pursadynda görmek biz üçin uly hormatdyr!
Sülgün SAÝYLOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň
5-nji ýyl talyby.












