ÖMRÜŇ MANYSY: göçürip al, özüňde goý!

Bu ýazgyny internetde surat görnüşinde ýerleşdirilen bir maglumatdan aldym. Beletsiňiz-le, internete haýsydyr bir söz babatda gözleg salsaň, gerek sözi tapyp berýär. Soňra kompýuter syçanjygynyň sag düwmesine bassaň, beýleki birnäçe ýazgy bilen birlikde «göçürip al» diýen sözler hem peýda bolýar. Soňra ony gerekli ýeriňe goýaýmaly. Bu ýagdaý söz babatda şeýle bolup biler, «ömrüň manysy» diýen söz düzümi babatda-da şeýledir bu. Emma ömrüňe many çaýmakda welin bu beýle aňsat däldir. Ony göçüribem bolmaz, özüňkä ýerleşdiribem...

Şol gabat gelen ýazgym barada pikirlenip, töweregimi synlap birsellem oturdym... Uzakda bir düýäniň agynaýanyny gördüm. Onuň töweregini çal duman örtdi. Kem-kemden duman dagansoň, düýe hem onuň töweregindäki ýagdaýlar aýyl-saýyl görnüp ugrady. Janawar ynjaldy öýdýän, parahat halda otlap, gäwüş gaýtarmaga başlady. Şol barmaşa, 20 — 30 sany guşjagaz bir ýerlerden peýda bolup, düýäniň gerşinde ornaşdylar. Düýe müçebaşy bolasy gelen eždatynyň täze dogjak Güni görmek isleýşi ýaly, uzaklara garap, esli wagt butnaman duransoň, maza tapdy. «Belki-de, şujagaz pursat ol guşlaryň ömrüniň manysydyr» diýip oýlandym. Çünki olar düýäni horlaýan mör-möjeklerden halas edýän bolmaly. Adamda-da maza bermeýän kiçijek mör-möjejikler ýaly maýdaja aladajyklar bolýar. Ähtimal, ýaňky guşlar ýaly, kimdir birini beýle aladalardan saplamak ömrüň manysydyr. Mümkin, şu sözler kimdir biri üçin şol guşlaryň bitirýän hyzmatyny bitirer (aşakdaky sözlerem men internetden göçürip aldym, awtorynyň kimdigi görkezilmändir):

«Ömrüňe many çaýmak, bagtly bolmak üçin — eliňi iş bilen, ýüregiňi mähir bilen, aňyňy maksat bilen, huşuňy peýdaly bilimler bilen, geljegiňi umyt bilen doldur».

Içiňi hümledip otursaň-a boljak däl, garaz. Şol «hümmüldi» artdygyça, adamy içinden gemirýän maýdaja mör-möjekler ýaly ýagdaýlar artýan bolmaly. Ýel düşüp, ses çykarýan küýze suw bilen doldurylanda, onuň owazynyň sem bolşy ýaly, içimizdäki boş hümmüldileriň hem tepbedini okajak ýokarky sözlere eýermekdir, meger. Emma olaryň diňe birine eýerip, özgelerini äsgermezlik etmek hem, «ömrüň manysyny» göçürip alagetdän, özüňe goýmaga synanyşan ýaly bolsa gerek... Ýüreginde mähir ýokundysy bolmadyk, ýöne azaply, gara zähmete berlen adama «bagtly», «ömrüniň manysyny tapan» diýen derejeleri ýabşyryp bolarmyka?! Ýa-da aňynda maksat, huşunda peýdaly bilimler bolmadyk, diňe boş umyda berlip ýören kişi babatda näme aýdyp bolar?! Garaz, şol bäşligiň birini aýryp, beýlekisini saýlar ýaly däl. Elbetde, bu meniň şahsy pikirim. Elleri gabarçak-gabarçak bolup giden daýhanyň ýüregi hem eli ýaly gatan bolsa, ol ýadawlygyny töweregine mähir paýlap däl-de, ajysyny pürküp çykarmaga synanyşsa gerek. Muny men hut öz durmuşymda gören ýagdaýym bolansoň aýdýaryn. Orta mekdebi tamamlan çagym, harby gulluga çenli biraz wagt bar bolansoň, daýhançylyk etdim. Has dogrusy, Gäwersiň düzünden kärendesine ýer alyp, garpyz ýetişdirýän daýhanlara kömekleşdim. Daňdan gidip, giç agşam öýe dolanýardyk. Öýe geleniňsoň hem ýadawlykdan ýaňa gepiň-sözüňem üýtgäberýän bolmaly-da. Ýersiz-ýere jigilerime azgyrylanymy gören agam maňa mazaly käýinipdi. Ýadawlygyň beýdip çykarylmaýanlygyny aýdypdy. Kitap okamagy maslahat beripdi. Dogrusy, onuň şol sözleri geljege umyt döredýän başlangyç nokat bolupdy. Bilim almagyň zerurlygy barada çynlakaý oýlandyrypdy...

Hawa, «ömrüň manysy», «bagtly bolmak» diýen düşünjeleri göçürip alyp, öz ömrüňe, perzentleriň ömrüne goýaýyp bolanok. Emma şu ýazgyny welin, göçürip alyp, aňyňa ornaşdyrmak mümkin, men-ä üç-dört ýyl ozal şeýle edipdim. Häzirem ony göçürip, şu ýerde goýaýyn. Sizem, isleseňiz, ony göçürip alyň-da, özüňizde goýaýyň:

Çagalara bagtly bolmagy nähili öwretmelidigi hakda tymsal

Bir gezek dana goja bahar paslynyň gözelliklerinden gözüni gandyryp, ýol bilen barýarka, gabarasy juda uly bolan ýüki gerdenine alyp barýan adam bilen gabatlaşypdyr. Sandyraýan aýaklaryndan hem onuň egnindäki ýüküň helemüçük däldigi, örän agyrdygy duýulýan eken.

— Beýle agyr ýüki göterip, özüňe jebir bermäge, ýeri seni näme mejbur etdi? — diýip, akyldar ol adamdan sorapdyr.

Agyr ýük astynda ýegşerilip barýan bende jogap beripdir:

— Men agtyklarym, çagalarym bagtly bolsunlar diýip, janyma munça jebir berýän. Garry atam hem öz ogly — meniň atam bagtly bolsun diýip, şeýle agyr zähmet çeker eken. Ömrüne hammal bolupdyr. Atam bolsa meniň kakamyň bagtly bolmagy üçin ömrüni ýükçi bolup ötüren eken. Kakam hem meniň üçin jebirli zähmet çekerdi — gerdeninde ýük daşardy, pahyr. Ine, indi menem çagalarymyň bagtly bolmagy üçin şeýle edýärin.

— Onsoň siziň neberäňizde, hakykatdanam, bagtly bolan kişi barmydyr — diýip, dana söhbetdeş gyzyklanypdyr.

— Entek-hä ýok, ýöne çagalar, agtyklar, belki, bagtly bolarlar! — diýip, ol adam umyt bilen aýdypdyr.

— Haýp, gynansagam, bisowat, körzehin kişi hiç kime okamagy — sowat öwredip bilmez, köralaka hiç haçan bürgüdi terbiýeläp ýetişdirip bilmez! — diýip, goja akyldar uludan dem alypdyr. — Ilki bilen özümiz bagtly bolmagy öwrenmeli, diňe şonda çagalarymyza bagtly bolmagy öwredip bileris. Şu-da perzentlerimize edip biljek iň gymmatly sowgadymyz bolar.

Orazmyrat MYRADOW,

“Nesil” gazeti.

Öňki makala

EDEP BIR TÄÇ DIR

Indiki makala

ARZUW WE ADAM

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR