Ynsany beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan tarapy onuň akyly, edep-ekramy hem-de gelşikli lybaslarydyr. Her bir adamyň egin-eşikleri milli görnüşde, göze gelüwli hem-de arassa bolmalydyr. Geýinmek we edep-ekram hakynda «Kowusnamada», Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde, «Hadyslarda», Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» ýaly kitaplarda aýratyn nygtalyp geçilýär. Ýaraşykly, owadan geýinmek bir başga, çendenaşa bezenmek bolsa başga bir zatdyr. Kitaplaryň birinde şeýle diýilýär: «Zenanlaryň geýýän egin-eşiklerinde iki zada üns berilmelidir. Birinjiden, geýlen eşik zenanlaryň endamy görünjek derejede ýuka bolmaly däldir, ikinjiden, dar bolmaly däldir». Türkmen gelin-gyzlarynyň uzyn köýnegi, nagyşly ýakalary, dakynýan şaý-sepleri, uz ýaşmaklary halkymyzyň milli lybas aýratynlyklarydyr.
Amanbibi gelnejem 68 ýaşynda-da kakamdan ýaşynar ýörerdi. Ýogsam kakam pahyr ony köp gezek alkyşlap, ýaşmak hakyny berip, ýaşmagyny aýyrmaga yrjak-da bolupdy. Şonda-da tä dünýesini täzeleýänçä, pahyr agzyndan ýaşmagyny aýyrmady. «Gaýynagamyň ýanynda ýaşmagymy aýyraýsam, özümi gaty oňaýsyz duýjak, gaty utanýaryn» diýerdi. Üns berýän bolsaňyz, zenanlar öz öýünde gyşaryp ýatanam bolsa, gapydan biri gelse, derrew gyňajyna el ýetirýändir. Şu edähetlerden çen tutanyňda-da, türkmen zenanlarynyň özlerini alyp barşy nusgalyk mekdepdir.
Elbetde, edep-terbiýäniň görüm-görelde bilen baglanyşykly närsedigini göre-göre gelýäris. Belli pedagoglaryň biri: «Çaga şu günki beren nädogry terbiýämiz ertirki ahy-nalamyzdyr» diýip belleýär. Bu setirler bize terbiýede hiç haçan ýalňyşmak bolmaýandygyny salgy berýär. Maşgalada amala aşyrylýan ahlak terbiýesiniň çygry örän giňdir. Ozal-başdan haýyr bilen şeriň, ýagşy bilen ýamanyň, halal bilen haramyň arasynda parh goýmagy başarmaly. Ýadymyza salyp görsek, çaga döwrümizde şol edep kadalarynyň arasynda parh goýup bilmän, garagolluk eden wagtymyz: «Haý, peläket, utanmadyňmy, eýmenmediňmi!» diýlip, ýaşululardan käýelip gördüg-ä! Ýöne ese-boýa galyp, agy-garany saýgaryp ugranymyzdan soň weli, şeýle käýinje galmak utançdyr.
Utanç-haýa — her bir ýerde gerek edep kadasydyr. Haýalylyk, sabyrlylyk edähediň bilen goşulyşar-da, seni ençeme görner-görünmez belalardan alyp galar. Eger sende utanç ýok bolsa, ol bu gün bolmasa, ertir seni kyn ýagdaýa salar. Dana pederlerimiziň aýdyşy ýaly, edep-ekram, utanç-haýa her bir ynsanyň ýüzüniň tuwagy, başynyň täjidir.
Gahryman Arkadagymyzyň hemişe nygtaýşy ýaly, edep bir täçdir, edeplilik biziň milli buýsanjymyza öwrülmelidir.
Hangylyç TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär.
“Nesil” gazeti,
05.09.2020ý.