Aristotel, hawa, şol Aleksandr Makedonskiniň mugallymy: «Dost — iki göwrede ýaşaýan bir jandyr» diýipdir.
Gurbannazar Ezizow bolsa dostunyň tarypyny ýetiren şygrynyň ahyrynda: «Meniň şeýleräjik dostum bar! A sizde barmy?» diýip, gönümel sowal berýär.
Bu iki şahsyýetiň arasynda ýatan 2000 ýyldanam has köp bolan döwrüň içinde dostluk barada aýdanlar kändir. Olardan öňem, soňam aýdylandyr. Olary toplaşdyrsaň, baş redaktoryň «Dostluk barada bir gowy zat okasym gelýär» diýen islegini kanagatlandyrardy, meger. Diňe Deýl Karneginiň dosty nähili gazanmalydygyny salgy berýän kitabyndan hem köp zat tapyp bolardy. Emma häzir meni ýazylan zatlary toplamak alada goýman, şahyryň beren gönümel sowaly oýlandyrýar. Ol goşgyny häzir dolulygyna getirip oturmaýyn (şu ýazgyny okaýanlaryň ählisi üçin hem ol elýeterdir diýip umyt edýärin). Şol şygyrdaky dost Nury Halmämmedowmyka? Şahyr aradan çykyp, onuň jesedi «işiksiz-tüýnüksiz jaýa» salnanda kompozitoryň hem gabra girip, jesediň ýanynda süýnendigi we «Gurbannazar ölen bolsa, menem öldüm» diýendigi barada okapdym.
Aralykda iki müň ýyldan hem uzak döwür ýatan bolsa-da, Aristotel başda ýatlan sözümizi aýdanda bu iki beýik şahsyýeti göz öňünde tutan bolaýmasyn?! Taryhda başga-da şeýle hereket boldumyka? Näçe diňşirgensem-de, taryhdan seda çykmajagyny-ha bilýän. Içki dünýäme diň saldym. O-da dymýar. «Mende şeýleräk dost barmyka?». «Men şeýle dost bolup bilermikäm?». A sizde barmy? Sizem dymýaňyzmy?
Dört görnüşli dost bolýandygy barada-ha okansyňyz. Bu aýtgy saç-sakgaly agaryp giden goja ýaly köne bolsa-da, ýene bir gezek gaýtalaýalyň: 1. Nahar ýaly — oňa her gün mätäçsiň. 2. Melhem ýaly — näsaglan çagyň ideýänsiň. 3. Dert-elem ýaly — onuň özi seni tapýandyr. 4. Howa ýaly — görünmese-de, ol hemişe seniň hemdemiňdir. Bu aýtgyny menem bir döwür ýandepderçäme göçüripdim, aýratyn kagyza haşamlap ýazyp, diwardan hem asyp goýupdym. Ýöne şu ýokarky dörtlükden biridir diýip güman edýän kişim duýman durkam ýeňsämden hanjar uranda, biline urlan gaýyň ýaly bolup diwara direnemde, ahmyrly penjäme ilen şol kagyz boldy. Ýyrtyldy, ýere gaçdy. Soň asmadym. Onuň eden hereketi bolsa öň ähmiýet bermedik aýtgylarymyň birini aňymda täzeledi: «Köp sanly şepäň bolanyndan bäş sany ýegre dostuň bolmagy has gowudyr».
Ol aýtgy bilen birlikde dostluk, şepelik baradaky, oturylyşyklarda köp aýdylýan, erteki ýaly bir henek hem belläp goýupdym. Juda bir ýama ýaly bolaýmaz-da, Allajanlarym, diýip, onam size ýetireýin: «Tokaýda daşyny möjekler gabap alan it janyny gutarmak üçin ýalbarypdyr. Goýun sürüsine darap, möjekleriň garynlaryny doýurmagy üçin, elinde (ýa-da penjesinde) baryny edip hyzmat görkezjekdigini aýdypdyr (Muny owadanlap, uzaltsaň hem bolardy, ýöne gysgaça çäklenäýeliň). Garaz, möjekler iki ýyl çemesi it bilen bile aw awlap, har-hor bolman, güzeran aýlapdyrlar. Ahyry bir gün it, barybir, aç börülere şam bolupdyr. Şonda itiň mazar daşyna näme ýazmalydygy barada jedel bolanmyşyn. «Dostlaryňdan...» diýseler, bolanok. «Duşmanlaryňdan...» diýselerem, iki ýyl duz-emek bolşupdyrlar. Ahyry «Kärdeş şepeleriňden...» diýip ýazypdyrlar».
Durmuş-da bu, şepeler, ülpetler bilen hem käte ýol aşmaly bolaýýar-da.
Umuman, häli hem aýdyşym ýaly, aýtgy, tymsal näçe diýseň bar. Şepeleri ýazgarýanam, dostlugy taryplaýanam bar olaryň. Taryply tymsala girer derejede biz näme etdikkäk?
Bir dost beýleki bir dostuň ýanyna karz pul sorap barypdyr. Dileg salan kişiniň möhümini bitiren dosty, öýde ýalňyz galansoň, gözüne ýaş aýlap esli salym oýa batyp oturypdyr. Onuň bu halyny gören aýaly: «Beýle gynanjak bolsaň, «pulum ýok!» diýäýmeli ekeniň-dä!» diýip, ýanýoldaşyna maslahat beripdir. «Wah, men pula gynanamok, tä dileg salyp gelýänçä dostumyň halyny bilmändigim üçin gynanýan» diýip, ol gözýaşyny sylypdyr. Ine, şol adamyň ýerinde bolsak, gözümizden nem syzarmydy?! Ýa-da dileg salan adamyň ýagdaýyna düşsek, ýüz tutara dostumyz barmy? Oýlandyrýar! Oýlanmazçada däl ahyry. Süýthoruň süteminden zeýrenen araky tanşym ýadyma düşýär. Sizde-de barmy şeýle tanyş? Ol karz sorara dosty bolmansoň, süýthordan göterendir. Ol häzir şu ýazgylary okaýan bolsa, Gurbannazar Ezizowyň başdaky gönümel sowalyna «Ýok!» diýip, çürt-kesik jogap bererdi. Bu sowala men nähili jogap bererkäm?! «Nähili sowal diýýärsiňizmi?». Ýazgynyň başynda bar bolansoň, hetjikläp gaýtalap otyrmalyň! Hernäme-de bolsa, Aristoteliň kesgitlemesindäki ýaly, Gurbannazar Ezizowyň şygryndaky ýaly dost sizde barmy?! Hä...
Orazmyrat MYRADOW,
“Nesil” gazeti,
03.09.2020ý.