HAKYKATA BAKDYRYJY

Endik bolan bu ýagdaý biziň köpimizde diýen ýaly gabat gelendir. Sebäbi bu endigi mugallym öwretdi. Mukaddes zatlar aýak astynda ýatmaýar.

Bir gezek ýol bilen ýöräp barýarkam ýol ugurda bir bölek çörek ýatan eken. Men ony aldym-da, basgylanmajak ýerde goýdum. Bu hereketimi bir goja synlan eken. Ol ýanyma geldi-de, sen-­de ýok, men­-de ýok: «Inim, saglykmy! Adyň kim?» diýip sorady. Azajyk ýaýdanybrak adymy aýtdym. Soňra ol ýaşuly nirede ýaşaýanymy sorady. Menem Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän obamyň adyny aýtdym. Gojanyň soragy gutararly däldi.

— Okaýamyň ýa işleýämiň?

— Okuwymy gutardym. Täzeräk işe başladym.

— Berekella! Käriň näme?

— Mugallym. Türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

— Mugallymçylyk käriň gowusydyr. Ýöne agyrdyr. Hereketleriň mugallyma meňzäbem dur. Heniz ýaş başyň bar. Özüň ilki nusga bolsaň gowy. Durmuş diýen gowy mugallymam bardyr. Ol hiç ýanyňdan aýrylýan däldir. Mydama öwreder ýörer. Her bir okuwçy seniň miwäňdir. Miwesi süýji bolmadyk ýa-da miwe bermedik agaçlary daýhan hiç wagt uzak saklaýan däldir. Mugallym öz okuwçylaryny hemişe gorar, saýa bolar, dogry ýoly öwreder. Çaga bilim bermek, sowat öwretmek gönüden-göni siziň borjuňyzdyr. Borjuňy bolsa hökman ýerine ýetiräýmeli. Bu ilki ynsabyň, soňra Watanyň öňündäki borçdur.

— Watandan öň ynsap diýdiňiz weli...

— Ynsaby bolmadygyň, Watany bolmaz. Watan ilki özüňden başlanýar. Özi bolmadygyň Watany nireden bolsun?! Meniň münmeli awtobusym geldi. Sag bol, oglum! Işiňde-de Alla kuwwat bersin!

Bu wakadan soň men juda birhili ýagdaýa düşdüm. Heniz doly açylyp bilmedik ol gojany haýsydyr bir belgili awtobus alyp gitdi. Ondan öwrenere-hä zat kän eken. Ony onuň ýüz-gözem aýdyp dur. Durmuşda käbir meselelerden netije çykarmak matematikanyň çylşyrymly meselelerini işlän ýaly. Bir zat goşulsa, bir zat bölünýär, bir zat aýrylýar. Ýöne mesele dowam edýär.

Bu başy-ahyry bilinmez durmuşda bir at ebedi ýaşamaly bolsa, ilki bilen, mugallym diýen at bolmaly. Sebäbi her bir kişiniň aýratyn sylap, hormatlaýan mugallymy bardyr. Ata-ene ornunda goýlan mugallym öz okuwçysyna baryndan berer, ýogunyň bolsunynda elener. «Okuw, okamak» diýen aňymyza baky siňen düşünjäniň hak eýesi bolar. Mugallym batylyň gözi, dilsiziň dilidir. Mugallym el bilen ekilen baga däl-de, tebigy biten baga meňzese gowy. Tebigy biten bagyň miwesem, saýasam aýry bolýar.

Çaryberdi REJEPOW,

Ak bugdaý etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

01.09.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR