«El hü­nä­ri — il ge­zer»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bi­le­lik­de «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çir­ýän «El hü­nä­ri — il ge­zer» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZ­GÜN­NA­MASY

I. Umumy düzgünler

1. Şu Düzgünnama «El hünäri — il ge­zer» at­ly dö­re­di­ji­lik bäsleşiginiň maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär.

2. Bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan, halkymyzyň nesilden-nesle sünnäläp geçiren we sungat derejesine ýetiren halk senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekden, ýaş nesliň halk senetçiligi bilen meşgullanmagyna giň ýol açmakdan hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden, mekdep okuwçylarynyň döredijilige we sungata bolan höweslerini artdyrmakdan ybaratdyr.

II. Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi

1. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan okuwçylar gatnaşýarlar. Olaryň türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam döredijilik işleri (zergärçilik, küýzegärlik, heýkeltaraşlyk, milli işleri) hem-de surat çekmek boýunça degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynyň guramaçylyk toparyna hödürlenilýär.

2. Bäsleşigiň her tapgyrynda eminler topary tarapyndan ýerlerden saýlanyp alnan işler bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna hödürlener.

3. Bäsleşigiň ýeňijileri baradaky şu maglumatlar her tapgyrdan soň nobatdaky tapgyryň guramaçylyk toparyna 5 günden gijä galman iberilmelidir:

— bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan­la­ryň dogluş hakyndaky şahadatnamalarynyň göçürmesi;

— mek­dep mü­di­ri ta­ra­pyn­dan tassyklanan güwänama;

— ýa­şa­ýan ýe­ri­niň sal­gy­sy we telefon belgisi;

— 3x4 öl­çeg­dä­ki 2 sa­ny fo­tosurat hem-de özi we dogan-garyndaşlary hakyndaky şahsy maglumat.

4. Bäsleşige gatnaşýan okuwçy oglan-gyzlaryň hödürlän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşi, eziz Wa­ta­ny­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli baýramçylyklarymyz, «Türkme­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýylynyň döwrebap ähmiýeti, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbi wasp edilip, onda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar şöhlelenmelidir.

5. Bäsleşige hödürlenýän surat eser­le­ri­niň öl­çe­gi 50x70 sm (boýy 50 sm, ini 70 sm) ululykdaky kagyza ýerleşdirilip, olaryň daşy ramkalanan görnüşinde bolmaly. Suratlar çekilende guaş reňkleri ulanylyp, olar plakat görnüşinde berilmeli.

6. Bäsleşigiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrynda seçilip alnan işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri we ýerli Baş bilim müdirlikleri tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.

7. Döredijilik bäsleşik şu aşakdaky tertipde üç tapgyrda geçiriler:

— bi­rin­ji tap­gyr 2019-njy ýylyň mart aýynyň 25-inden aprel aýynyň 6-sy aralygynda etraplarda, şäherlerde;

— ikin­ji tap­gy­ra et­rap, şä­her bäsleşiginde yglan edilen ugurlar boýunça 1-2-3-nji orunlary eýelän ýeňijiler gatnaşarlar. Bu tapgyr aprel aýynyň 10-20-si aralygynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde;

— jem­leý­ji tap­gy­ra bol­sa, we­laýat we Aşgabat şäher tapgyrynda ugurlar boýunça 1-2-3-nji orunlary eýelän mekdep okuwçylary gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu tapgyr 2019-njy ýylyň maý aýynyň 10-17-si aralykda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde geçiriler.

8. Döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden, ýurdumyzyň tanymal sungat işgärlerinden düzülen eminler topary dörediler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýokarda görkezilen 5 sany ugruň her biri boýunça 3 sany döredijilik işi saýlanyp alnar we 1-nji, 2-nji, 3-nji ugurlar boýunça orunlar kesgitlener. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan diplomlar we sowgatlar, işjeň gatnaşan okuwçy ýaşlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-80;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.