Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli dokmaçy gelin-gyzlarynyň arasynda geçiriljek “Dokma dokar ellerim” atly bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan hasda baýlaşdyrmakda uly tagallalar edilýär.
Türkmen halky maşgalada ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak, nesilleri millilikde terbiýelemek baradaky meselä aýratyn üns bilen seredýär. Dünýäde hiç bir milletiňkä meňzemeýän özboluşlylygy bilen tapawutlanýan milli ýol-ýörelgämizi durmuşa doly ornaşdyrmak bilen çäklenmän, milliligimizi kalbymyza, aňymyza, durkumyza gyşarnyksyz siňdirip, nesillerimizi milletimiziň gadymdan gelýän ahlak däplerinde terbiýelemek — biziň öňümizde durýan mukaddes borjumyz. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli dokmaçy gelin-gyzlarynyň arasynda “Dokma dokar ellerim” atly bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşigiň şertleri:
Bäsleşik 4 şertden ybarat bolup oňa ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dokma pudagynda zähmet çekýän çeper elli gelin-gyzlar gatnaşyp bilerler.
1. “Salamlaşyk” özüňi, işleýän ýeriňi, hünäriň bilen çeper okaýşyň üsti bilen özüňi tanyş etmek (ata-babalarymyzyň milli däp-dessurlary esasynda milli aýdymdyr sazyň astynda, wagty 3 minut).
2. “Türkmen halkynyň gadymy nagyşlarynyň syrlary” — bu şert boýunça bäsleşige gatnaşyjylar öz ýaşaýan welaýatlarynyň aýratynlyklary bilen bagly milli lybaslaryň we olara salnan nagyşlaryň gadymylygy we nagyşlara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklary, aňladýan manysy baradaky ýygnan maglumatlaryny surat şekilleri (slaýd usulynda) görkezmek arkaly gürrüň bermeli (wagty 3 minut).
3. “Keşde çeker ellerim” — bu şert boýunça bäsleşige gatnaşýan zenan 10 minutyň dowamynda öz ýany bilen getiren milli lybaslarynyň (kürte, çyrpy, ýaka nagşy, tahýa we ş.m.) belli bir nagşy berlen wagtyň dowamynda keşdelemek arkaly özüniň çeper elleriniň ussatlygyny görkezmeli. (Haýsy lybas we nagyş bolmalydygyny eminler kesgitleýär).
4. “Kesbi-kärim nesillere görelde” — bäsleşigiň bu şertinde bäsleşige gatnaşyjy zenanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz döreden el işleriniň özboluşlylygy, reňk tapawutlary, keşdeleriň ýerli aýratynlyklary barada gürrüň bermek arkaly häzirki zaman nagyşlarynyň waspyny ýetirmeli we özleriniň dokan el işlerini görkezmeli (kürte, köýnek, haly, ýaka, tahýa, ýüň jorap, horjun milli esbaplar we senetler we ş.m.)
Bäsleşigiň guramaçylyk tertibi:
Bäsleşigiň Aşgabat şäherinde we welaýatlarda geçirilen deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýar. Bäsleşige gatnaşyjylar hemme şertlerde diňe milli lybaslarda bolmaly we gurnaljak sergi üçin gadymy we häzirki zaman (keşdede, gaýmada, kanwada, köjümede bejerilen ýakalary, gyz-oglan tahýalary, gyz-oglan köýnekleri, ýeňli, ýeňsiz çabytlary, donlary, kürteleri, çyrpylary, çaga kürtekçeleri we ş.m.) milli lybaslary özleri bilen getirmeli.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bäsleşigiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlary 2019-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli geçirmeli. Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolup, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan çeper elli zenanlar barada doly maglumatlary 2019-njy ýylyň maý aýynyň 20-sine çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine tabşyrmaly.
Bäsleşigiň jemi jemlenende bäsleşige gatnaşyjylaryň bäsleşige geýen milli egin-eşigine, hödürlän milli lybaslaryna, salnan nagyşlaryň gadymylygyna we enelerimiziň syrlara öwrülen nagyşlarynyň manysyny açyp görkezişlerinde söz çeperligine eminler tarapyndan aýratyn baha berler.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden “Dokma dokar ellerim” atly bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Aşgabat şäherinde geçiriler.
Bäsleşigiň ýeňijileri baş baýrak, 1-nji orna, 2-nji orna, 3-nji orna mynasyp bolan dokmaçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan taýýarlanan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-81, 44-88-82.
“Nesil” gazeti,
02.04.2019ý.