«Ýaş alymlar telekommunikasiýa ulgamynda» atly bäsleşigi geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY
I. Bäsleşigiň esasy maksatlary.
Hormatly Prezidentimiziň: «TürkmenÄlem 52o E» ilkinji milli emeli aragatnaşyk hemrasy tele we radioýaýlymlarymyzyň alnyp görkezilişiniň hem-de eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berer. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, ýokary hilli internet ulgamyny, göni ýaýlymda teleokuwlary we telelukmançylyk aragatnaşygyny ýola goýmaga şert döreder» diýip bellemekligi türkmen milli aragatnaşyk hemrasynyň täze mümkinçiliklerini maksada goýmaga esas berýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup çykyş edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilip, eziz Watanymyzy ösdürmekde we mähriban halkymyza wepaly bolup, joşgunly zähmet çekmekde giň mümkinçilikler açylýar.
Türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman dünýäsiniň ylmy binýadyny düýpli özleşdirip, alan bilimlerini tejribeleriň üsti bilen, dürli tehnologik enjamlar ornaşdyrylan önümçilikde peýdalanmaklary eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik ösüşini kepillendirer.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen bir hatarda, aragatnaşyk ulgamynyň hem güýçli depginde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga şert döreder. Döredilýän bimöçber şertleri nazara alyp, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we ilatymyzyň internet hyzmatlaryndan peýdalanmakda mümkinçilik açmak maksady bilen «Ýaş alymlar telekommunikasiýa ulgamynda» atly bäsleşik geçirilýär. Şu düzgünnama bäsleşigiň geçiriliş şertlerini we tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52o E» emeli hemrasynyň hyzmatlaryny doly güýjünde ulanmak we oýlap tapyşlaryň görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak, yzygiderli ulanylyşy gazanmak hem-de ýeňiji bolanlary sylaglamak arkaly geljekde täze usullaryň üstünde işlemeklige höwes dörediler.
II. Bäsleşigiň umumy düzgünleri.
Taslamalar (oýlap tapyşlar) üçin internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyryljak web hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň, dürli kompýuterleriň we ykjam aragatnaşyk enjamlarynda ulanyljak programma üpjünçiligi (işjeň ulgamlaryň) taýýarlanylmagy hökmandyr;
Döredilen (düzülen) oýlap tapyşlarda şu görkezilen talaplaryň göz öňünde tutulyp taýýarlanylmagy möhümdir:
— Taslamanyň wajyplygy, önümçilige ornaşdyrylmagynyň mümkinçiligi;
— Aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň işini ösdürmekde innowasiýa usullarynyň peýdalanylyşy;
— Ykdysady taýdan peýdalylygy;
— Oýlap tapyşyň hili we durmuşda ulanmak ýeňilligi (rahatlygy);
— Dizaýn taýdan bezelmegi;
Oýlap tapyşlar kanunçylygyň ähli talaplaryna laýyklykda düzülip, telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi üçin, taslamalaryň başga döwletlerden göçürilmegine rugsat edilmeýär.
III. Bäsleşige gatnaşmagyň düzgünleri.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, ýokary we orta (ýörite hem hünär) okuw mekdepleriniň, ylmy-tehniki we tehniki kärhanalaryň hem-de guramalaryň ministrlikleriň we pudaklaýyn-dolandyryş edaralarynyň, eýeçiliginiň we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan assosiasiýalaryň, hususy kärhanalaryň, birleşikleriň, paýdarlar we hojalyk jemgyýetleriniň işgärlerine hem-de ylmy iş bilen meşgullanýan, aspiranturada, doktoranturada okaýan ýa-da dalaşgär bolup durýan, şeýle-de wagtlaýyn işlemeýän ýaşlara şu bäsleşige şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmak rugsat edilýär (toparlaýyn görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däldir we toparyň ýolbaşçysy anyk kesgitlenmelidir).
Şahsy ýa-da toparlaýyn ýagdaýda gatnaşýanlaryň ählisi Türkmenistanyň raýatlarynyň 30 ýaşa çenli ýaşlary bolmalydyr. Şu bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýänleriň resminamalary fiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan hödürlenip bilner. Bäsleşige gatnaşýanlara iş ýerinden, Ýaş alymlar geňeşi tarapyndan (resmi ýagdaýda döredilen bolsa) berlen hödürnama zerurdyr.
Bäsleşige gatnaşýan şahsyň (topar ýolbaşçysynyň) ýazmaça arzasy, çap edilen maglumatynyň (agzalarynyň), pasportynyň nusgalary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.
Ýuridiki şahslar tarapyndan hödürlenýän gatnaşyjynyň (toparyň we düzüminiň) maglumatlary, resmi edara maglumatlary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.
Şol bir edara-kärhanadan birnäçe şahslaryň (toparlaryň) aýratynlykda gatnaşmagyna rugsat edilýär, emma gatnaşyjylary (topar düzümdäkileri) gaýtadan hasaba alynmaýar.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň resminamalary 2019-njy ýylyň 20-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binalar toplumynda ýerleşýän Ýaş alymlar merkezi tarapyndan hasaba alynýar.
Bäsleşik Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän binasynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 27-28-nji noýabry aralygynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
IV. Bäsleşigiň geçiriliş tertibi we guramaçylyk topary.
Bäsleşige hödürlenýän taslamalary (oýlap tapyşlary) seljermek we eminlik etmek maksady bilen, wagtlaýyn ýörite seljeriş topary döredilýär.
Seljeriş toparynyň düzümine umumy ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan amala aşyrylýar we ylalaşylyp düzülýär.
Şahsy tertipde taslamasyny hödürlänleriň hut özleriniň (toparlaýyn hödürlänleriň islendik topar agzalarynyň) çykyş etmekligi we özüniň taslamasyny (oýlap tapyşyny) doly işjeň ýagdaýynda görkezmegi hökman bolup, onuň tanyşdyrmak wagty 5 minut bolmaly.
Bäsleşige gatnaşyjynyň çykarylan netijeden närazy bolan halatynda ýolbaşçylaryň umumy ylalaşygy esasynda arz-şikaýat topary döredilip, ol topar gatnaşyjynyň taslamasyny (oýlap tapyşyň netijesini) özbaşdak seljermek arkaly gutarnykly netije çykarýar. Eger ilkinji toparyň çözgüdi hakykatdan-da kanagatlanarsyz bolsa, onda arz-şikaýat toparynyň çözgüdi gutarnykly hasaplanýar.
Bäsleşigiň geçirilýän günlerinde ýekelikde gatnaşýan taslama düzüjiniň (toparlaýyn gatnaşýanlaryň ähli topar agzalarynyň) gatnaşmadyk ýagdaýynda taslama hödürlenen işleriň sanawyndan aýrylýar we gatnaşyjy gatnaşmak hukugyny ýitirýär, şeýle hem bäsleşigiň netijeleri bilen bagly geçiriljek çärelerine gatnaşyjynyň özi (topardan islendik agzasynyň) gatnaşmaklygy hökmanydyr.
Bäsleşigiň ýeňijisi Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hem-de Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň paýly gatnaşygyndaky jemgyýetleriň maliýe serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi bilen pul serişdeleri ýa-da gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de Hormat hatlary bilen sylaglanar.
Ýeňiş gazanan taslama (oýlap tapyş) üçin ýeňiji bolana (topara) awtorlyk hukugy göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi we patent edaralary tarapyndan patentleşdirilenden soňra önümçilige ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýola goýlar.
V. Bäsleşigiň geçirilişiniň beýan edilmegi.
Bäsleşigiň geçiriliş şertleriniň düzgünnamasyny köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-29-03, 94-04-96, 44-88-79.
“Nesil” gazeti,
13.04.2019ý.