Ýurdumyzyň ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny bermek hakynda
DÜZGÜNNAMA
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde döwletli Diýarymyzda alnyp barylýan her bir tutumly işler ýaşlaryň ajaýyp durmuşy, röwşen geljegi üçin amala aşyrylýar. Bu günki gün ýaş nesliň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda terbiýelenmegi, ak mermere beslenen mekdeplerde bilim almagy üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň bagtyýar geljegini kepillendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň synmaz sütünine, ýagty ertirine deňelýän çagalaryň bagtly geljegi ugrunda uly aladalar edilýär. Çünki Garaşsyz Türkmenistan durmuşymyzyň gülleri, ýüreklerimiziň örki bolan eziz çagalaryň, ýaş nesilleriň ähli arzuwlarynyň myrat tapýan ýurdudyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda olaryň ähli babatda kämil, ylymly, bilimli, berk bedenli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň: «Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşantlaryny goşýan zehinli çagalary we çagalar döredijilik toparlaryny Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglaýar.
I. Umumy düzgünler
1. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna türkmeniň milli saz gurallarynda halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýän, döredijiligiň dürli ugurlary bilen içgin iş salyşýan, okuw derslerinde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezýän, sport ýaryşlarynda, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalar we ýetginjekler, şeýle-de çagalar aýdym-saz hem-de tans toparlary ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we orta mekdepler tarapyndan bu baýraga hödürlenip bilner.
2. Resminamalarda baýraga hödürlenýän çagalaryň, ýetginjekleriň ýa-da çagalar döredijilik toparlarynyň soňky 3 (üç) ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri, döredijilik işleri, guramaçylyk başarnygy, jemgyýetçilik işjeňligi barada we olaryň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna hödürlenýändigi hakynda degişli edara-kärhanalaryň umumy maslahatynyň kararynyň bolmagy hökmandyr.
3. Baýraga hödürlenýänleriň ýaşy 16-dan ýokary, çagalar döredijilik toparynyň döredilen wagty 3 ýyldan az bolmaly däldir.
4. Bu baýraga öň mynasyp bolmadyk çagalar, ýetginjekler we çagalar döredijilik toparlary (tutuş toparyň özi) hödürlenilmelidir.
5. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna hödürlenýänleriň resminamalary şu Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden başlap, bir aýyň dowamynda kabul edilýär.
6. Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher Geňeşleri baýraga hödürlenenleriň içinden iň mynasyplaryny saýlap-seçip, olary öz mejlisleriniň kararlary bilen noýabr aýynyň 10-una çenli Ýaşlar guramasynyň welaýat hem-de Aşgabat şäher Geňeşlerine tabşyrýarlar. Bu Geňeşler hem öz mejlislerinde bu meselä seredip, okuwda, zähmetde, jemgyýetçilik işlerinde has tapawutlanan çagalary Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna hödürlemek barada kararlary kabul edýärler. Şondan soňra welaýat we Aşgabat şäheri boýunça saýlanyp alnan ýaşlaryň resminamalary şol kararlar bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisiniň garamagyna hödürlenilýär.
II. Resminamalaryň taýýarlanylyşy
1. Baýraga hödürlenýän çagalaryň, ýetginjekleriň her biri üçin resminamalar bir nusgada taýýarlanylýar. Resminamalar baýraga hödürleýän degişli edaralar, orta mekdepler, Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher, welaýat Geňeşleri tarapyndan tassyklanylan bolmaly we olaryň sanawy bellenilen tertibe laýyklykda bir bukjada ýerleşdirilmeli.
2. Resminamalarda baýraga hödürlenýänleriň ady, atasynyň ady, doglan ýyly, aýy, güni, milleti, öý salgysy dogluş hakyndaky şahadatnama boýunça dogry ýazylmaly hem-de onuň okaýan ýeri we synpy doly görkezilmeli.
3. Baýraga hödürlenýän döredijilik toparlary hem şol toparlara gatnaşýan çagalaryň ýaş aýratynlygy we toparyň ýolbaşçysy barada anyk maglumatlar berilmeli.
III. Kabul edilýän resminamalaryň sanawy
1. Baýraga hödürlenýänleriň 3x4 möçberdäki 2 (iki) sany reňkli fotosuraty, şahsy resminamasy, terjimehaly, dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy bolmaly.
2. Resminamada baýraga hödürlenýänleriň ýa-da toparyň işine jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilendigi baradaky subutnamalar, ýagny baýraga hödürlenýäniň ýa-da toparyň çykyşlarynda, döredijilik işlerinde gazanan üstünlikleri üçin berlen Diplomlaryň, Hormat hatlarynyň, baýraklaryň nusgalary, mekdepde sapaklaryna ýetişigi baradaky maglumat hem-de dürli medeni-köpçülik çärelerinde eden çykyşlaryndan, döredijilik işi hakynda taýýarlanan surat albomy, CD we DVD disk ýazgylary bolmaly.
3. Baýraga hödürleýän edara-kärhanalaryň, guramalaryň, mekdepleriň we döredijilik toparlarynyň hödürnamasy, häsiýetnamasy we Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher, welaýat Geňeşleriniň ýygnagynyň mejlisleriniň beýanyndan göçürmeler gol çekilip, möhür basylyp, tassyklanan bolmaly.
IV. Baýragyň netijelerini jemlemegiň tertibi
1. Ýaşlar guramasynyň ýerli wekilleri welaýatlardan hem-de Aşgabat şäherinden Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna hödürlenýän çagalar we çagalar döredijilik toparlary baradaky maglumatlary 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 1-ine çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine ibermeli.
2. Baýraga hödürlenen ýaş ýetginjekleriň düzümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisiniň garamagynda seredilýär. Mejlisde saýlanyp alnan, mynasyp bolan çagalar we çagalar döredijilik toparlaryna Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny bermek barada jemleýji karar kabul edilýär.
3. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň birinji on günlüginde geçiriler hem-de bu baýraga mynasyp bolan çagalar we çagalar döredijilik toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-80.
“Nesil” gazeti,
24.10.2019ý.