«Mer­da­na ne­sil — 2019» at­ly şa­dy­ýan bäs­le­şi­k

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umu­mybi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň 3 — 5-nji synp­la­ryn­da okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda geçirýän «Mer­da­na ne­sil — 2019» at­ly şa­dy­ýan bäs­le­şi­gi­niň

DÜZGÜNNAMASY

Gahryman Arkadagymyzyň: «Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, berkararlygymyzy we bagtyýarlygymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlaryňyz, ajaýyp sahna oýunlaryňyz, döredijilik ukyp-zehiniňiz dostlugyň hem-de parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we erkanalygyň senasy bolup belent ýaňlanýar» diýen sözlerinden ugur alyp, Diýarymyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmakdan, şeýle-de milli medeniýetimizi hemde sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda «Merdana nesil — 2019» atly şadyýan bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşik kiçi ýaşly oglanlaryň merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däplerine, gahrymançylykly synmaz ruhuna we kämil nusgalyk häsiýetlerine uýmak, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek, ula-kiçä sylag-hormaty terbiýelemek, kesp-kär, hünär öwrenmeklige höwes döretmek hem-de olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly maksatlary göz öňünde tutýar.

I. Umumy düzgünler:

1. Şu Düzgünnama «Merdana nesil — 2019» atly şadyýan bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.

2. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synplarynda okaýan, ozal «Merdana nesil — 2019» atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy oglanlar gatnaşyp bilerler.

3. «Merdana nesil — 2019» atly şadyýan bäsleşigine gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary döredilýär. Eminler okuwçy oglanlaryň her bir çykyşy üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

II. Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär. Welaýatlaryň hersinden we Aşgabat şäherinden 1 — 2-nji orny eýelän 2 (iki) sany okuwçy oglanlar paýtagtymyzda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Şadyýan bäsleşik aşakdaky tertipde dört tapgyrda geçiriler:

— birinji tapgyr 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 14-inden 26-syna çenli aralykda orta mekdeplerde;   

— ikinji tapgyra mekdep bäsleşiginde 1 — 2-nji orunlary eýelän okuwçy oglanlar gatnaşýarlar. Bu tapgyr etraplarda, şäherlerde noýabr aýynyň 1-inden 9-yna çenli aralykda,

— üçünji tapgyra etrap, şäher tapgyrlarynda 1 — 2-nji orunlary eýelän oglanlar gatnaşýarlar. Bu tapgyr welaýatlarda we Aşgabat şäherinde noýabr aýynyň 11-inden 23-ine çenli aralykda;

— jemleýji tapgyra welaýat we Aşgabat şäher tapgyrynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän oglanlar gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu tapgyr dekabr aýynyň 2-sinden dekabr aýynyň 7-si aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.

III. Bäsleşigiň şertleri:

1. Türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýeten üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmeli (wagty 3 minuta çenli).

2. Degişme sahnasyny görkezmeli (wagty 5 minuta çenli).

3. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli (wagty 3 minuta çenli).

IV. Bäsleşige gerekli resminamalar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Aşgabat şäher Geňeşleriniň mejlisleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky kararlary, ýeňiji bolan okuwçy oglanlar barada şu aşakdaky görnüşde resminamalary 2 (iki) nusgada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 1-ine çenli ibermeli.

— Maglumat (görnüş №1, görnüş №2);

— Dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi;

— 3х4 ölçegdäki 4 sany surat;

— Okaýan mekdebinden kepilnama;

— Ýerine ýetirjek aýdymynyň sözleri, minidisk görnüşindäki ýazgysy (plýus) we sazy (minus).

Bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynda işjeň gatnaşan we tapawutlanan çagalara diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Jemleýji tapgyrynda baş baýragy, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýelänlere, işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan diplomlar hem-de sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-80;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.

"Nesil" gazeti,

12.10.2019ý.