Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Belent maksatly ýaşlar – kämilligiň gözleginde» atly döredijilik we fotasurat bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär.
Ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikleri wasp etmek her bir adamyň mukaddes borjudyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyz döredijiliginde Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň arasynda döredijilik festiwallaryny we bäsleşiklerini geçirip, täze zehinleri ýüze çykarmaly» diýen wezipelerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Belent maksatly ýaşlar – kämilligiň gözleginde» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň baş maksady ýurdumyzyň ajaýyp gözel keşbini, bagtyýarlyk zamanamyzyň öwüşgünini wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
Bäsleşige ýaşy 14-30-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik şu ugurlar – ýurdumyzyň ajaýyp gözel keşbini, bagtyýarlyk zamanamyzyň öwüşgünini wasp edýän fotosurat hem-de goşgular, poemalar, publisistik makalalar, oçerkler, hekaýalar we oýlanmalar boýunça geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän, şeýle hem erkin temalar boýunça publisistik makalalar we oçerkler hem-de hekaýalar we oýlanmalar ýazan goşgularyny, hekaýalaryny, oýlanmalaryny, düşüren fotasuratlaryny 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 20-25-i aralygynda öz işlerini turkmen-youth@online.tm salgysyna iberip bilerler.
Bäsleşige gatnaşyjynyň salgysy hem-de telefon belgisi görkezilmeli;
Suratyň çägi her gatnaşyjy üçin 1 sany bolmaly;
Suratlar JPEG formatda bolup, 10Mb ölçegden uly bolmaly däldir;
Ýeňijiler ýörite tassyklanan toparyň netijesi boýunça kesgitlener hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-85; 44-88-55;