«Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» atly bäsleşik

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Çagalar awtoşäherçesinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» atly bäsleşigiň

D Ü Z G Ü N N А M A S Y

I.Umumy düzgünler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk möhüm ähmiýetli umumymilli çäre hökmünde giň gerim bilen geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde hem degişli edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda möhüm ähmiýetli çäreler guralýar.

Biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginin bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» atly bäsleşik hem ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bäsleşik mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň kadalaryny, pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlaryny öwretmek, olaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny gazanmak, köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen geçirilýär.

Şu Düzgünnama bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, bäsleşigi geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.

II. Bäsleşigi geçirmegiň tertibi we şertleri

«Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» atly bäsleşik Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan rowaçlygyň Watany» ýylynyň 10-njy sentýabrynda Çagalar awtoşäherçesinde guralýar. Şol gün sagat 10:00-da bäsleşigiň açylyş dabarasy geçirilýär. Bäsleşige paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň 5-6-njy synplarynda bilim alýan okuwçylaryndan düzülen, her biri 5 okuwçydan ybarat bolan 6 topar, jemi 30 okuwçy gatnaşýar.

Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar mekdep lybasynda bolmaly. Olar Çagalar awtoşäherçesiniň öňündäki meýdançada bellenen tertipde nyzama düzülýärler. Çagalar awtoşäherçesiniň başlygy bäsleşigiň dabaraly açylýandygyny yglan edýär hem-de bäsleşigiň geçiriliş tertibi we şertleri bilen okuwçylary tanyşdyrýar.

Bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň beren jogaplaryna we amaly-tejribe usulynda görkezen ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň hünärmenlerinden, mugallymlaryndan we gullukçylaryndan ybarat bolan Eminler topary döredilýär.

«Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» atly bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Birinji tapgyrda her biri 2 soragdan ybarat bolan 20 sany bilet taýýarlanýar we stoluň üstünde rejelenip goýulýar.

Okuwçylar bilet çekip alýarlar we 15 minudyň dowamynda taýýarlyk görýärler. Olar soraglary özleşdirip we jogaplary taýýarlap, ýazmaça bellik edýärler hem-de taýýarlan jogaplaryny eminler toparynyň öňünde dilden beýan edýärler, şeýle hem görkezme esbaplaryny ulanyp, jogap berýärler.

Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda her topardan bäsleşige gatnaşýan iki okuwçy Çagalar awtoşäherçesiniň ýörite meýdançasynda dört tigirli welosipedleri Ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryna laýyk dolandyrmagy başarýandyklaryny amaly-tejribe usulynda görkezýärler. Bu tapgyrda bäsleşige gatnaşýan okuwçylar şu aşakdaky kadalary berjaý etmelidirler:

Dört tigirli welosipedleri dolandyryp, görkezilen ugur boýunça hereket etmek hem-de ýol belgileriniň we ýol çyzgytlarynyň talaplaryny doly we dogry ýerine ýetirmek.
Ýol yşygy bilen düzgünleşdirilýän çatrykdan geçmegiň tertibini berjaý etmek.

Çagalar awtoşäherçesiniň ýörite meýdançasynda görkezilen ugurlar boýunça dört tigirli

welosipedlerde hereket etmek bilen, okuwçylar ýol yşygy bilen düzgünleşdirilýän çatrykdan geçmegiň tertibini berjaý edýärler. Hereketiň dowamynda ýol belgileriniň we ýol çyzgytlarynyň talaplaryny ýerine ýetirip, amaly-tejribe usulynda özara bäsleşýärler.

Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar Eminler toparynyň agzalarynyň berýän goşmaça sowallaryna jogap berip bem-de amaly-tejribe usulyndaky bäsleşikde berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirip, Ýol hereketiniň kadalaryny bilmek we dogry berjaý etmek boýunça öz bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

Eminler toparynyň agzalary bäsleşigiň dowamynda okuwçylaryň beren jogaplaryna, görkezen ukyp-başarnyklaryna baha berýärler hem-de her tapgyr boýunça okuwçylaryň alan bahalaryny goşmak arkaly bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitleýärler. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Birinji we ikinji tapgyrlar tamamlanandan soňra bäsleşigiň jemleri jemlenýär. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda has gowy netijeleri gazanyp, aýratyn tapawutlanan we ýeňiji bolan bir topar üçin baş baýrak, gowy netijeleri gazanan beýleki toparlar üçin bolsa 1-nji, 2-nji we 3-nji ýerler üçin üç baýrakly orun bellenilýär.

Ýeňiji bolan toparlara mynasyp bolan baýraklary, ýagny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

III. Jemleýji düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesi bäsleşigi guraýar we ony Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramaçylykly geçirýär.

Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti bäsleşigi guramakda we geçirmekde Çagalar awtoşäherçesine ýakyndan ýardam berýär. Bäsleşigi guramaçylykly geçirmäge gatnaşjak öz wekillerini kesgitleýär we olaryň bäsleşige işjeň gatnaşmaklaryny guraýar. Bäsleşigiň Eminler toparynyň düzümine giriziljek öz wekilini kesgitleýär. Guramanyň wekilleri bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek we olara sowgatlary gowşurmak dabarasyna gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bäsleşigi guramakda we geçirmekde Çagalar awtoşäherçesine ýakyndan ýardam berýär.

Bäsleşigi guramaçylykly geçirmäge gatnaşjak öz wekillerini kesgitleýär we olaryň bäsleşige işjeň gatnaşmaklaryny guraýar. Şeýle hem, bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan toparlaryň okuwçylaryna gowşuryljak ýadygärlik sowgatlary öz serişdeleriniň hasabyna taýýarlaýar. Ýaşlar guramasynyň wekilleri bäsleşigiň Eminler toparynyň düzümine girip, ýeňijileri kesgitlemek we sowgatlary gowşurmak dabarasyna gatnaşýarlar.

Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň öz mugallymlary we Baş bilim müdirliginiň wekilleri bilen bilelikde şu Düzgünnama laýyklykda bäsleşige işjeň we guramaçylykly gatnaşmaklaryny üpjün edýär. Şeýle hem, bäsleşigiň Eminler toparynyň düzümine giriziljek öz wekilini kesgitleýär. Baş bilim müdirliginiň wekilleri bäsleşigiň Eminler toparynyň düzümine girip, ýeňijileri kesgitlemek we ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasyna gatnaşýarlar.