“Iň eýjejik gyzjagaz – 2020” atly şadyýan bäsleşik

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçiriljek “Iň eýjejik gyzjagaz – 2020” atly şadyýan bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň: “Çagalar, siz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz. Bilim-ukybyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini, bilimlerini ösdürmekden, kämilleşdirmekden olaryň ählitaraplaýyn ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan, ozal “Iň eýjejik gyzjagaz” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär. Welaýatlaryň hersinden we Aşgabat şäherinden 1-2-nji orny eýelän 2 (iki) sany gyzjagaz paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanar.

Şadyýan bäsleşik şu aşakdaky tertipde dört tapgyrda geçiriler:

- birinji tapgyr 2020-njy ýylyň ýanwar aýynyň 24-inden fewral aýynyň 5-si   aralygynda orta mekdeplerde;

- ikinji tapgyra mekdep bäsleşiginde 1-2-nji orunlary eýelän ýeňijiler gatnaşarlar. Bu tapgyr fewral aýynyň 11-inden 20-si aralygynda etraplarda, şäherlerde;

- üçünji tapgyra etrap, şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän ýeňijiler gatnaşarlar. Bu tapgyr fewral aýynyň 25-inden mart aýynyň 7-si aralygynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde;   

- jemleýji tapgyra welaýat we Aşgabat şäher tapgyrynda 1-2-nji orunlary eýelän ýeňiji gyzjagazlar gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu tapgyr 2020-nji ýylyň mart aýynyň 14-inden 20-si aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.  

  Bäsleşigiň şertleri:

1. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli (4 minut).

2. Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmeli (3 minut).

3. Eminler tarapyndan ýaş aýratynlygyna görä taýýarlanan goşgulary çeper okamakda bäsleşmeli.   

Bäsleşige gerekli resminamalar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Aşgabat şäher Geňeşleriniň mejlisleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky Kararlary, ýeňiji bolan gyzjagazlar barada şu aşakdaky görnüşde resminamalary (2 nusgada) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2020-nji ýylyň mart aýynyň 11-ine çenli tabşyrmaly:

- Maglumat (görnüş №1, görnüş №2);  

- Dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi;  

- 3х4 ölçegdäki 2 sany surat;  

- Okaýan mekdebinden kepilnama;  

“Iň eýjejik gyzjagaz – 2020” atly şadyýan bäsleşigine gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden      hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary döredilýär. Eminler eýjejik gyzjagazlaryň her bir çykyşy üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynda işjeň gatnaşan we tapawutlanan çagalara Diplomlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Diplomlar we sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79; 44-88-85;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40