Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek “Talyp gözeli – 2020” atly gözellik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň bähbidi, ähli türkmenistanlylaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Mähriban Prezidentimiziň “Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar” – diýip, ýaşlara uly ynam bildirmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde möhüm borçlary goýýar hem-de olary ata Watanymyzy beýgeltmäge çagyrýar. Milli Liderimiziň ýaşlara beýik ynamyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2020” atly gözellik bäsleşigini geçirýär.
Bäsleşigiň şertleri:
Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, monolog, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny görkezmeli (talyp gyzlar öz islegine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler, wagty 5 minut);
Hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmeli (jemi wagty 10 minut).
Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar türkmen milli lybaslarynyň döwrebaplaşdyrylan görnüşlerini görkezip, egin-eşik geýmekde milliligimiziň häzirki zaman öwüşginlerini, zamanabaplygyny ussatlyk bilen berjaý etmeli (jemi wagty 10-15 minut).
Bellik: Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan 17-30 ýaş aralygyndaky talyp gyzlar gatnaşyp, olaryň her biri öz okaýan ýokary okuw mekdebiniň nyşany bilen çykyş etmeli.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bäsleşik ilki bilen ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 4-inden 25-i aralygynda geçiriler. Ýokary okuw mekdepleriniň hersinden ýeňiji bolan, ýagny 1-nji orny eýelän talyp gyz paýtagtymyzda 2020-nji ýylyň mart aýynyň 1-inden 7-si aralygynda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary şol ýokary okuw mekdebinden bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşjak talyp gyzyň maglumatlaryny 2 nusgada (özi we dogan-garyndaşlary hakyndaky maglumat) we 9х12 ölçegdäki 2 sany suraty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 28-ne çenli tabşyrmaly.
Bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin ýurdumyzyň medeniýet, sungat, bilim we döredijilik işgärlerinden hem-de bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilip, olar bäsleşigiň her bir şerti üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýarlar. Goýlan bahalary goşmak arkaly bäsleşigiň ýeňijileri, Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan talyp gözeller yglan ediler. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Diplomlar we sowgatlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79; 44-88-85;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-16;
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi: 44-88-58.